Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BEDEW AT DÖWLET GETIRER, MAKSAT-MYRADA ÝETIRER

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Baştutanlygynda halkymyzyň baý medeni mirasyny, gadymyýetden gözbaş alýan gymmatlyklaryny aýawly saklamakda, baýlaşdyrmakda, atşynaslyk sungatyny dünýä ýaýmakda belent derejelere ýetilýär.

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu gadymy hem müdimi medeniýetiň häzirki ajaýyp döwrümizde nesiller tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigi bolsa has-da buýsandyryjydyr. Milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan bedew atlarymyz halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny belende göterýär. Nusgawy edebiýatda, halk döredijiliginde  waspynyň belentden ýetirilmegi türkmen halkynyň durmuşynda behişdi bedewlerimize uly ornuň degişlidiginiň subutnamasydyr. «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň-atyňy» «Aty baryň – ganaty bar», «At münen döwletli bolar»  diýen nakyllardyr pähimleri döreden halkymyzyň bedew atlaryny göwün syrdaşyna, wepadar dostuna, uçar ganatyna deňemegi ýöne ýerden däl. Pederlerimiz müňýyllyklaryň dowamynda behişdi bedewlerimizi kämil sungat hökmünde ýyndamlykda, syrdam-syratlylykda, seýkin basyşda, owadanlykda, gözellikde taý tapdyrmaýan nusgalyk derejä ýetiripdirler, kämil milli atşynaslyk mekdebini döredipdirler, bedew seýislemegiň şöhratly däplerini nesillere miras galdyrypdyrlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, bimöçber aladalary netijesinde atçylyk pudagy ösdürilip, ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny saklamak, baş sanyny artdyrmak, seýisçilik sungatyny kämilleşdirmek boýunça tutumly işler amala aşyrylýar. Ştab-kwartirasy Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenip geçilmegi, ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň geçirilip durulmagy, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy şeýle-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan edilmegi bize ata-babalarymyzdan miras galan behişdi bedewlerimize goýulýan sarpany ulydygyny ýene-de bir gezek subut edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýelden ýüwrük, gözellikde taý tapylmaýan bedewlerimiziň sarpasy belent tutulyp, şan-şöhraty dünýä ýaň salýar. Ýeňşiň, wepadarlygyň, gaýratlylygyň we geljege bolan mizemez ynamyň nyşany bolan bedewlerimiz üstünlikden – üstünlige ruhlandyrýan, ýelden ýyndam bady bilen barha öňe alyp barýan güýçdir. Halkymyzyň köňül zynaty, uçar ganaty hasaplanýan bedewlerimiz nurana ýollarymyza ýalkymyny saçýar. Hut şonuň üçinem berkarar ýurdumyzyň beýik ösüşlerini bedew badyna deňeýäris.

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda: «Türkmenler baradaky hakykat bilen bilelikde, ahalteke bedewi hakyndaky durmuşyň çuň manyly wakalary dünýä ýaýyldy. Gadymy türkmen düzünden gaýdan bedew Hindistana, Ortaýer deňzi sebitlerine çenli we ondan hem uzak aralygy geçdi, türkmen gerçegi bilen beýik mertebä mynasyp boldy, watançylygyň nyşany bolan mukaddes türkmen Tuguny öz keşbi bilen bezedi» diýip belleýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Türkmen bedewiniň şan – şöhraty bu gün Ýer ýüzüni haýran galdyrýar. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň genji – hazynasydyr we milli mirasydyr» diýip belläp geçýär.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Gülsoltan ALLAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.