Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä syýasatynda döwletara gatnaşyklaryň nusgalyk derejesini görkezýän Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze, hemmetaraplaýyn strategik derejä çykardylar. Kökleri müňýyllyklaryň jümmüşine uzaýan bu hyzmatdaşlygyň häzirki zaman keşbi beýik innowasiýalar we sarsmaz dostluk bilen häsiýetlendirilýär.
Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň özeninde özara ynanyşmak, deňhukuklylyk we strategik hyzmatdaşlyk ýatyr. Iki ýurduň Liderleriniň arasyndaky doganlyk we dostlukgatnaşyklary syýasy gepleşikleriň iň ýokary derejesini üpjün edýär. Halkara meýdançalarda, esasan hem BMG-niň çäklerinde iki ýurt biri-biriniň başlangyçlaryny hemişe goldap gelýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty bilen Hytaýyň parahatçylykly ösüş strategiýasy dünýäde howpsuzlygy üpjün etmekde kybapdaş gelýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2026-njy ýylyň martynda Hytaýa bolan dostluk sapary bu gatnaşyklaryň diňe bir ykdysady bähbitlere däl, eýsem, mizemez dostluk köklerine we belent ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostlukly saparynyň çäklerinde Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna beren taryhy interwýusynda belleýşi ýaly: «Häzirki döwürde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylary örän baý taryhy esaslara daýanyp, hyzmatdaşlygyň şol ruhuny hem-de däplerini dikeldýärler».
1992-nji ýyldan bäri täze mazmuna eýe bolan bu dostluk, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň we Hytaýyň halkara başlangyçlarynyň biri-birini özara goldamagy netijesinde hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetdi. Syýasy durnuklylyk we birek-biregiň özygtyýarlylygyna bolan belent hormat iki döwletiň dünýä sahnasynda bitewi garaýyşlar bilen çykyş etmegine şert döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow taryhy interwýusynda bu ýagdaýy şeýle beýan edýär: «Türkmenistan we Hytaý parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga, ylalaşyga berk ygrarlydyr. Biziň ýurtlarymyz bilelikde dünýä syýasatynda ynanyşmagy, özara hormat goýmagy ykrar etmek üçin mümkin bolan ähli tagallalary edýärler. Bu hem biziň doganlyk halklarymyzy we döwletlerimizi birleşdirýän ýene-de bir berk esasy güýçdür».
Ykdysadyýet pudagynda Türkmenistan we Hytaý biri-biriniň mümkinçiliklerini doldurýan iň iri hyzmatdaşdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow taryhy interwýusynda: «Hytaý köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. 2007-nji ýyldan häzirki döwre çenli biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygy 20 esse artdy. Haryt dolanyşygynyň durnukly saklanýandygyny hem-de her ýylda 9-10 milliard amerikan dollaryna barabar bolýandygyny bellemek möhümdir. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyz esasy ugurlar bolan energetika, ulag, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar pudaklaryny, dokma we agrosenagat toplumlaryny, ençeme beýleki ugurlary öz içine alýar» diýip getiren anyk mysallary bu hyzmatdaşlygyň gerimini aýdyň görkezýär.
Ykdysady hyzmatdaşlygyň iň kuwwatly sütüni bolan energetika pudagy bu gatnaşyklaryň strategik häsiýetiniň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi iki halkyň bagtyýar geljegine tarap çekilen ynam köprüsidir. Türkmenistanyň ägirt uly tebigy gaz gorlary bilen Hytaýyň barha ösýän senagat kuwwatynyň utgaşmagy häzirki zaman dünýäsiniň iň iri we durnukly energetika taslamasynyň kemala gelmegine getirdi. Munuň özi ýurdumyzyň Hytaýyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde iň ygtybarly hyzmatdaşdygynyň kepilidir.
Dünýäniň iň uly gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käni Hytaýyň «CNPC» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda üstünlikli özleşdirilýär. Geljekde gaz eksportynyň möçberini has-da artdyrmak baradaky meýilnamalar, bu energetika geçirijisiniň uzak geljege niýetlenen durnukly ykdysady binýatdygyny tassyklaýar.
Ýeri gelende, Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşmagy yklymda täze geoykdysady giňişligi döredendigini bellemelidir. Bu hyzmatdaşlyk ulag pudagynda has anyk görnüşlere eýedir. Has takygy, Hazar deňziniň üstaşyr mümkinçiliklerini ulanyp, Ýuwaş ummanyndan Atlantik ummanyna çenli durnukly logistik zynjyry döretmek iki döwletiň hem bütindünýä söwda gatnaşyklaryndaky ornuny berkidýär.
Şeýle hem Hytaýyň ýokary tehnologiýalar we sanly ulgamlar baradaky tejribesi döwletimiziň döwrebaplaşmak strategiýasy bilen utgaşýar. Hususan-da, şäher gurluşygynda, «akylly» şäher üpjünçilik ulgamlaryny döretmekde we älemi öwreniş pudagynda hyzmatdaşlyk etmek iki döwletiň hem ylmy-tehnologik ösüşiniň täze belentliklerine ýol açýar.
Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iň sarsmaz bölegi ynsanperwerlik we medeni diplomatiýadyr. Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy interwýusynda belleýşi ýaly, häzirki wagtda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde 10 müňden gowrak türkmen talyby bilim alýar. Munuň özi geljekki innowasion ykdysadyýetimiz we döwletara dostlugymyz üçin iň uly maýa goýumdyr. Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde hytaý diline uly gyzyklanma bildirilýär. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Hytaýda türkmen dilini öwretmek üçin hünärmenleri ibermäge taýýardyklaryny aýtmak bilen, geljekki nesilleriň arasyndaky ruhy köprini has-da berkitmegi maksat edinýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletara gatnaşyklaryň strategik häsiýeti hususy telekeçiligiň işjeňleşmegi arkaly has-da baýlaşýar. Türkmenistanyň telekeçileri bu gün Hytaýyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we maýa goýumlaryny ýurdumyzyň ykdysadyýetine ornaşdyrmakda «altyn köpri» bolup hyzmat edýärler. Mysal üçin, 2026-njy ýylyň martynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy türkmen telekeçileri bilen hytaýly maýadarlaryň arasyndaky gatnaşyklarda täze sahypany açdy. Bu forumda Hytaýyň onlarça ägirt uly kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň hususy pudagy bilen göni hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny mälim etdiler.
Hytaý dünýäde elektron söwda we sanlylaşdyrma boýunça öňdebaryjy döwletdir. Türkmen telekeçileri bu tejribäni dürli ugurlarda işjeň peýdalanýarlar. Senagat we oba hojalyk önümleriniň Hytaýyň ägirt uly bazaryna çykarylmagy üçin durnukly söwda akabalary döredilýär. Hususy kärhanalarymyz Hytaýdan häzirki zaman önümçilik enjamlaryny we «akylly» tehnologiýalary satyn alyp, ýerli önümçiligiň hilini dünýä derejesine çykarýarlar. Ýakynda Hytaýyň energetika kompaniýalary Türkmenistanyň hususy pudagy bilen Gün energiýasy taslamalaryna maýa goýmak barada uly ylalaşyga gol çekdiler. Bu taslama türkmen telekeçileriniň ekologiýa taýdan arassa energiýa geçmekdäki ornuny has-da pugtalandyrar.
Görşümiz ýaly, bu gün türkmen telekeçileri diňe bir haryt dolanyşygyny üpjün ediji däl, eýsem, Hytaýyň innowasion we tehnologik tejribesini milli ykdysadyýetimize ornaşdyrýan esasy güýçdür. Bu dostlugyň ykdysady binýadynda hususy pudagyň tutýan ornuny tassyklaýan, iki halkyň abadançylygyny we durnukly ösüşini üpjün edýän iň ygtybarly sütündir.
Jemläp aýdanyňda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu strategik hyzmatdaşlyk täze belentliklere tarap ynamly gadam urýar. Parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna sarsmaz agzybirlik türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň iň ýokary ýörelgesidir.
Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.