Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan bedew batly-at myradyň mekany» ýylynda, Türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz gün-günden ösýär, özgerýär, täze ösüşlere eýe bolýar. Il ýurt bähbitli täze binalar, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, hassahanalar, ýokary okuw jaýlary, awtomobil we demir ýollary, köprüler, howa menzilleri açylyp ulanylmaga berilýär. Bu açylyp ulanylmaga berilýän täze binalar mähriban halkymyzyň abadan parahat durmuşda, bolelin ýaşamagyny üpjün edýär. Ynha bu gün bolsa ýene-de bir uly taryhy wakalaryň biri giň gerimli taslama esasynda gurlan Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly açylyp ulanylmaga berildi. Muňa mähriban halkymyzyň begenjiniň çägi ýok. Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzyň sebitlerini baglanyşdyryp, ýolagçylaryň gatnadylyşyny we ýükleriň daşalyşyny kämilleşdirmäge, logistik hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga uly goşant goşar.
Türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwaryndaky kararyna laýyklykda bu giň gerimli taslamany durmuşa geçirmek Türkmenistanyň Senagatçylar telekeçiler birleşmesiniň agzasy, «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy. Bu ýoluň umumy uzynlygy 600 kilometr bolup, Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy üç tapgyrda – Aşgabat – Tejen (203 kilometr), Tejen – Mary (109 kilometr) we Mary – Türkmenabat (288 kilometr) tapgyrlarda amala aşyryldy.
Ynha bu gün bolsa taryhyň jümmüşinden gaýdýan Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm şahalarynyň birini gaýtadan dikeltjek iri taslamanyň Mary we Lebap welaýatlaryny birikdirýän üçünji tapgyry açylyp ulanylmaga berildi. Giň, tämiz, owadan we aýna ýaly tekiz bu ýoluň gurluşygy Baş potratçy bolup hyzmat edýän «Türkmen-Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy esasynda «Ata Melhem» hususy kärhanasy, «Edermen» we «Altyn nesil» hojalyk jemgyýetleri tarapyndan amala aşyryldy.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda döwletleri we halklary baglanyşdyrýan ulag- kommunikasiýa ulgamynyň «Altyn halkasyny» döretmäge gönükdirilen döwrebap inženerçilik desgalary, şol sanda awtomobil we demir ýollary, köprüler, howa menzilleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şu ýollaryň biri hem Aşgabat - Türkmenabat ýoly bolup, ýol örtügi birinji derejeli döwrebap serişdelerden - ýokary hilli asfalt - betondan, sintetik örtükden, geogözeneklerden, torlardan we awtomobil ýolunyň netijeli gatlaklarynyň mäkämligini artdyrýan beýleki serişdelerden ybarat bolup, olar ýoluň ygtybarly bolmagyny kepillendirýär. Ýolda herekediň bökdençsiz amala aşyrylmagyny üpjün etmek üçin köp sanly köprüler, ýerasty we ýerüsti geçelgeler, suw geçirijiler, ýangyç guýujy beketler ýolagçylara ýokary derejede hyzmat eder. Ýoluň ugrunda tehniki hyzmatlar üçin awtomobil merkezleri, döwrebap elektron töleg terminallary, wideo gözegçilik enjamlary, tizlik ölçeýjiler, gün batareýaly yşyklandyryjylar oturdylandyr.
Bu ýokary tizlikli Aşgabat – Türkmenabat awtomobil ýoly alty hereket zolagyndan ybaratdyr. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metre, ýol hereket böleginiň giňligi 11,25 metre, hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metre barabardyr. Ýoluň hereket bölegi biri-birinden ýörite zolak arkaly bölünýär. Her ugurda hereket zolagyna adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolak hem-de haýwanlaryň we adamlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen ýörite germewler gurnalandyr. Umuman aýdanymyzda döwrebap awtoban ähli görkezijiler we talaplar babatda iň ýokary dünýä ülňülerine laýyk gelýär.
Aşgabat–Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry täze düzüm desgasynyň degişli güwänamalara – awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyklygy hem-de taslamany düzmek we gurluşyk boýunça işleriň halkara standartlaryna, hususan-da, «Ýol gurluşygyny taslamak» we «Gurluşyk işleri» standartlaryna laýyk gelýändigini, şeýle hem bu awtomobil ýolunyň ýokary derejede howpsuzlygyny we onuň gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny tassyklaýan güwänamalara mynasyp boldy. Bu zatlaryň ählisiniň sakasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz dur.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen telekeçilerine uly ynam bildirip, bu iri taslamany öz ýurdumyzyň telekeçilerine ynanmagy bolsa türkmen hususyýetçileriň başyny göge ýetirdi. Türkmen telekeçilerini täze başlangyçlara ruhlandyrdy.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi ösen döwletleriň hataryna goşup, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli dünýä ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Leýla REJEPOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.