Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen döwründen bäri geçen 18 ýylda hususy pudak ýurdumyzyň ykdysady ösüşleriniň esasy hereketlendirijisine öwrüldi. Döwlet tarapyndan döredilýän ýeňillikler işewürligiň ýönekeý söwda we hyzmatlardan ösen tehnologiýaly, eksporta gönükdirilen kuwwatly kärhanalary döredýän ulgam bolmagyna şertleri döretdi. Düzüminde 30 müňe golaý agzany jemleýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi häzir diňe bir döwlet bilen telekeçiligiň arasyndaky baglanyşdyryjy halka bolman, eýsem, innowasion pikirleriň we başlangyçlaryň hakyky ojagydyr.
Bu gün ýurdumyzyň telekeçileri oba hojalygynyň ekerançylyk we maldarçylyk, agrosenagat pudaklarynda, gurluşykda we gurluşyk harytlarynyň önümçiliginde, söwda we hyzmatlar ulgamynda, ulag-logistika pudagynda guwandyryjy üstünlikleri gazanýarlar. Hususyýetçiler öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirmäge, häzirki zaman enjamlary önümçilige ornaşdyrmaga, halkara standartlara kybap gelýän önümleriň täze görnüşlerini öndürmäge uly ähmiýet berýärler. Şunuň esasynda importyň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly harytlaryň önümçiligi yzygiderli artýar.
Obasenagat toplumy hususy pudagyň üstünlikleriniň aýdyň görkezijisidir. Ýer bölekleriniň uzak möhletleýin peýdalanmaga berilmegi netijesinde türkmen telekeçileri ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşýarlar. Şunda ýyladyşhana hojalyklarynyň ornuny aýratyn bellemek gerek. Şunuň bilen birlikde, konditer önümleriniň, süýjülikleriň önümçiliginde ýokary netijeler gazanylýar. Maldarçylyk we gaýtadan işleýän önümçilik hususy pudagyň depginli ösýän ugurlarydyr. Telekeçiler tarapyndan döredilýän maldarçylyk toplumlary ýurdumyzda et we süýt önümlerine bolan islegi kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Gurluşyk pudagy hususyýetçileriň üstünlikli iş alyp barýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalary islendik çylşyrymly taslamalary amala aşyrmaga ukyplydygyny subut etdiler. Şunda Arkadag şäheriniň gurluşygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sebitde ilkinji «akylly şäheriň» gurluşygy döwletimiziň hususy pudaga ynamynyň nyşanydyr. Ýerli kärhanalar şäheriň birinji tapgyrynyň gurluşygyny doly tamamlap, häzirki wagtda ikinji tapgyryň çäklerinde 120-den gowrak desganyň gurluşygyny dowam etdirýärler. Mundan başga-da, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan amala aşyrylmagy ýokary mümkinçilikleriň görkezijisidir.
Milli ykdysadyýetiň hususy pudagy gurluşyk materiallarynyň, elektronika we himiýa senagatynyň önümçiligini hem işjeň özleşdirýär. Soňky ýyllarda hususyýetçiler himiýa önümçiliginde ýokary ösüş depginlerini gazandy. Geljegi uly ugurlaryň biri hem durmuş tehnikalarynyň we elektronikasynyň önümçiligidir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary telewizorlaryň, aşhana plitalarynyň, mikrotolkunly peçleriň we kompýuterleriň önümçiligini ýola goýmak bilen, bu ugurda uly öňegidişlikleri gazanýarlar. Şeýle hem hususy işewürlik ýurdumyzda sanlylaşdyrmagyň, elektron söwdanyň we IT-platformalaryň öňdebaryjysy bolup çykyş edýär.
Paýtagtymyzda ýakyn günlerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän giň gerimli sergi türkmen işewürleriniň gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini aýdyň görkezer. Serginiň çäklerinde geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum hem ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, daşary ýurt kompaniýalary bilen tejribe alyşmak, döwletiň we hususy bölegiň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdança öwrüler. Ýurdumyzyň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan durmuş-ykdysady strategiýasynda maýa goýum işjeňligine uly ähmiýet berilýär. Önümçilik bilen ylmyň arabaglanyşygyny işjeňleşdirmek, innowasion tehnologiýalara esaslanýan pudaklara çekilýän maýa goýumlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi dowam etdirmek, işewürler we maýadarlar üçin özüne çekijiligi artdyrmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryna degişlidir. Foruma ýerli telekeçilerden başga-da, dürli ýurtlardan kompaniýalaryň we halkara guramalaryň 70-den gowragynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Döwletimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hususy pudaga uly ynam bildirýär. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmek wezipesiniň kesgitlenilmegi hem bu hakykaty aýdyň görkezýär.
Häzire çenli gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler döwlet goldawynyň we hususy işewürligiň sazlaşykly işinden kemala gelýän döredijilikli kuwwatyň, giň mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmeginiň oňyn netijesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň goldawlaryndan ruhlanýan hususyýetçiler diňe bir önüm öndürijiler bolmak bilen çäklenmän, eýsem, eziz Watanymyzyň we halkymyzyň röwşen geljegini gurmaga mynasyp goşant goşýarlar.
Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.