Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şu gün — 17-nji martda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 18 ýyllygy mynasybetli açylan sergi hem-de maslahat hem bu hakykaty tassyklady. Hususy pudagyň üstünliklerini şöhlelendirýän sergide birleşmäniň dürli ugurlarda iş alyp barýan agzalarynyň 200-e golaýy öz önümleri we ýerine ýetirýän hyzmatlary bilen tanyşdyrýar.
Serginiň açylyş dabarasyna Hökümetiň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle köp sanly işewürler we paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdy. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabarany baýramçylyk ruhuna besledi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň her ýyl geçirilýän sergisi diňe bir gazanylan üstünlikleriň görkezijisi däl, eýsem, ýurdumyzyň hususy pudagynyň geljekki mümkinçiliklerine garaýyşlaryň beýanydyr. Geçen ýyllaryň tejribesi we täze meýiller bu çäräniň ýyl-ýyldan has ýokary derejä çykýandygyny görkezýär.
Birnäçe ýyl mundan ozal sergide, esasan, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler görkezilen bolsa, häzirki wagtda türkmen telekeçileri halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply harytlaryny hödürleýärler. Sergide azyk senagaty pudagyna aýratyn orun berilýär. Täze brendler, ekologik taýdan arassa önümler we halkara standartlaryna laýyk gelýän gaplamalar serginiň iň gelim-gidimli künjegine öwrüldi.
Gurluşyk we senagat pudagy bilen baglanyşykly sergi diwarlyklarynda hususy kärhanalaryň diňe bir gurluşyk materiallaryny öndürmek we gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, çylşyrymly tehnologiki enjamlary we elektronika önümlerini hem öndürmäge ukyplydygyny görkezýär. Bu bölümde Arkadag şäheriniň gurluşygynda, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň taslamasynda hususy kompaniýalaryň bitiren işleri aýdyň görkezilýär.
Soňky ýyllaryň türkmen telekeçileri maglumat tehnologiýalary pudagynda uly öňegidişlikleri gazanýar. Ýerli programmistler we inženerler tarapyndan işlenip düzülen «akylly öý» ulgamlary, sanly söwda platformalary we programma üpjünçiligi türkmen işewürliginiň innowasion ugra eýerýändigini subut edýär.
Bu gezekki serginiň esasy aýratynlyklarynyň biri hem ekologiýa meselesine berilýän ünsüň artmagydyr. Galyndylary gaýtadan işleýän kärhanalaryň tejribeleri, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň alyp barýan işleriniň döwrebaplaşýanlygyndan habar berýär.
Sergi bilen ugurdaş geçirilýän maslahata köp sanly ýerli telekeçiler bilen birlikde, 70 töweregi döwletden işewürler wekiliýetleriň ýüzlerçesi gatnaşmaga isleg bildirdi. Bu bolsa türkmen işewürliginiň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde dünýäde uly gyzyklanma döredýändigini tassyklaýar.
18-nji martda sergi we maslahat bilen ugurdaş geçiriljek «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forum ýylyň möhüm işewürlik çäreleriniň biridir. Ýurdumyzyň hususy pudagyna gönümel maýa goýumlary çekmäge gönükdirilen forumda senagat önümçiligi we gaýtadan işlemek, oba hojalygy, maldarçylyk we agrosenagat toplumlary, ulag-logistika pudagy, sanly tehnologiýalar, innowasion çözgütler, hususy pudagyň döwlet goldawy we maýa goýumlary çekmek bilen bagly tejribeler paýlaşylar.
Üç günläp dowam edýän giň gerimli sergi we maslahat türkmen telekeleriniň zähmetiniň, döredijilikli başlangyçlarynyň we batyrgaý gadamlarynyň beýanydyr. Bu ýere gelen myhmanlar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýändigine şaýat bolýarlar.
Aýnur KULIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.