Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

TÄZE WEZIPELER — ÜSTÜNLIKLERE BADALGA

Bagtyýar döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda 2026-njy, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem ýetilen ýokary sepgitleri bilen Garaşsyz ýurdumyzyň taryhyny bezär. Çünki döwlet durmuşynyň islendik ugry boýunça gazanylýan üstünlikler bize şeýle diýmäge esas berýär.

Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda her ýylyň özüne mynasyp şygary tutuş halkyň ruhy galkynyşyny, maksadyny özünde jemleýär. Döwrebap ösüşiň ýol görkezijisi bolup hyzmat edýän ýyllaryň şygary hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilýän milli maksatnamalary we meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly wezipeleri amala aşyrmakda halkymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Kalby bagtyýar döwre buýsançdan doly agzybir halkymyz döwletimiziň ösüşlerini berkitmek, ýurdumyzda abadan hem asuda durmuşyň gazanylmagyny üpjün etmek bilen bagly durmuşa geçirilýän işlere mynasyp goşant goşup, halal zähmet çekýär, döredýär, gurýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Garaşsyz ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barmakda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda, hemmetaraplaýyn ösen demokratik, hukuk we dünýewi döwleti dolandyrmakda, ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm waka bolan Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny dabaralandyrmakda syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň işgärleriniň, agzalarynyň öňünde möhüm wezipeler durýar. Olary üstünlikli durmuşa geçirmek, milli ykdysadyýetimiziň hususy böleginde, telekeçilikde ýokary netijeleriň gazanylmagy ugrunda yhlasymyzy gaýgyrman döredijilikli zähmet çekeris.

Halkymyzy baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ata Watanymyzyň ösüşleriniň dowamaty dowam bolsun!

Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.