Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ ÝYLY

«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerine eýerýän agzybir halkymyz bu gün parahat we abadan durmuşda ýaşaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. 

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň milli häsiýetiniň esasyny düzýän, asyrlaryň jümmüşinden gelýän özboluşly däp-dessurlaryna, ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanmak bilen, jemgyýetiň jebisligi we durnuklylygy, ýurduň asuda ösüşi üçin uly tagallalary edýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde giň möçberli özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň işi dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi esasynda kämilleşdirilip, milli ykdysadyýetiň özboluşly häzirki zaman türkmen nusgasy kemala getirildi.

2026-njy ýyl - Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny, bedew ýyly. Biziň bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr, gymmatly baýlygydyr, beýik ösüşlerimiziň nyşanydyr. «At-myrat» diýlişi ýaly , täze ýyl bagtyýar halkymyzy maksat – myradyna ýetirer. Türkmen halky üçin 2026-njy ýyl aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýylda eziz Watanymyz  mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýram eder. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda hem-de özbaşdak ösüş ýolunda bedew at milletimiziň ynamdar   we ygtybarly ýoldaşy hökmünde aýratyn orun tutýar. 

Köp asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç – kuwwaty, ýyndamlygy, gözelligi we akyllylylygy bilen tapawutlanýan ahalteke bedewi bu gün Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň nyşany bolup durýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny şöhratlandyrmak, Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ýetilen belent sepgitleri, bedew bady bilen ösüşleriň belentligine tarap ynamly gadam urýan  Watanymyzyň dünýäni haýran galdyryjy galkynyşlaryny hem-de ähli ugurlarda gazanýan beýik ýeňişlerini dabaralandyrmak, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny mundan beýläk-de beýgeltmek, eziz Watanymyzyň şan- şöhratyny, halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak, amala aşyrylýan ägirt uly, bedew batly beýik ösüşleriň, taryhy özgertmeleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyryldy.

Täze ýylyň şygary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligini, hemişelik  Bitaraplyk derejesiniň halkara derejesinde ykrar edilendigini, türkmen halkynyň belent maksatlaryny we ösüş ýolundaky ynamyny özünde jemleýär. Şygarda bedew batly at türkmen halkynyň milli buýsanjynyň, gaýratynyň we ösüşe okgunlygynyň nyşany hökmünde şöhlelendirilýär.

Jümläniň şu günki ajaýyp zamany «At- myrat» diýen ganatly jümlämizde ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa, her bir türkmen raýaty bilýändir. Eýsem, bu jümläniň manysyny nähili edip has giňden, has çuňňur düşündirmek bolar!

Türkmeniň adaty gepleşik dilinde, halk döredijiliginde, edebiýatynda, söz sungatynda ol ýa-da beýleki hereketleriň, göwne düwlen maksatlaryň, isleg-arzuwlaryň bellenilen menziline ýetmegini aňladýan birnäçe manydaş söz bar. Olar: «myrat bolmak», «hasyl bolmak», «wysal bolmak» diýen ýaly erkin söz düzümleri ýa-da ýönekeý : «myrat», «hasyl», «wysal» diýen sözlerdir .

Garaşsyz döwletimizde her bir asylly başlangyçlaryň, isleg – arzuwlaryň  myrat tapýandygy, ýagny ýöne bir teklip, isleg-arzuw hökmünde galman, ahyrky derejesinde hasyl bolýandygyny görkezýär.

Berkarar döwletimizi beýik özgertmelere ýar  edýän, halkymyzyň bagtyýarlygy üçin taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkyny asuda abadan parahat ýurtda ýaşamaga uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsun aýdýarys!  Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Aýbibi BAÝNAZAROWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.