Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

TELEKEÇILIK ULGAMY ÖSÜŞ ÝOLUNDA

Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri telekeçilik ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy we giň gerimde ösdürilmegidir. Berkarar döwletimiziň täze ösüş strategiýasy hususy bölegiň mümkinçiliklerini doly açmaga, işewürleriň döredijilikli başlangyçlaryny goldamaga gönükdirlendir. Telekeçilik ulgamy häzirki wagtda diňe bir ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýji bolman, eýsem, jemgyýetiň abadançylygyny üpjün edýän esasy sütüne öwrülýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda telekeçiler ulgamynyň kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär, ýeňillikli karzlar, salgyt ýeňillikleri, döwlet goldaw maksatnamalary durmuşa geçirilýär. «Bir penjire» ulgamynyň işe girizilmegi, sanly hyzmatlaryň ösdürilmegi işewürleriň işini ýeňilleşdirýär, täze başlangyçlara ädim ätmäge uly itergi berýär. 

      Hususy bölegiň ösüşi senagat, oba hojalygy, gurluşyk, hyzmatlar, söwda we innowasion tehnologiýalar ýaly ugurlarda aýratyn duýulýar. Telekeçiler ýerli çig maly gaýtadan işleýän kärhanalary döredýärler, önümleriň täze görnüşlerini öndürýärler, olaryň eksport mümkinçiliklerini giňeldýärler. Bu bolsa importyň ornuny tutýan harytlaryň köpelmegine, bazarlaryň üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berýär. 

         Telekeçilik ulgamynda ýaşlar üçin hem uly mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap bilim alýan ýaşlar öz ideýalaryny durmuşa geçirmek, startaplary döretmek arkaly ykdysadyýetiň täze ýüzüni emele getirýärler. Innowasiýa esaslanan taslamalar sanly ykdysadyýetiň ösmegine, önümçiligiň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Döwlet tarapyndan döredilýän biznes-inkubatorlar, maslahat merkezleri ýaş telekeçileriň üstünlik ýoluna düşmegine goldaw berýär. 

        Geljekde hem telekeçilik ulgamy ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, abadançylygynyň we halkara abraýynyň ýokarlanmagyna uly goşant goşar.

Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.