Ýurdumyzda Halkara zenanlar güni döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Mährem eneler halkymyzyň buýsanjy bolmak bilen, maşgala ojagynyň sütüni, wepalylygynyň nusgasy hasaplanýar. Gelin-gyzlar özleriniň mähirli gatnaşygy bilen parahatçylygyň, abadançylygyň berkarar bolmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Şöhratly pederlerimiziň ýagşy dessurlary häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär. Şunda mährem zenanlaryň hemmetaraplaýyn zehinine möhüm orun degişli bolup durýar.
Zenanlar halkymyzyň buýsanjydyr. Olar häzirki günde döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine uly goşant goşýarlar. Gelin-gyzlaryň möhüm döwlet, syýasy işlere işjeň gatnaşmaklary adalatly, deňhukukly jemgyýetiň durnukly we sagdyn ösüşiniň wajyp şertleriniň biridir. Zenanlar özleriniň aladalary, köňül päkligi bilen daşymyzy gurşap alyp, dünýäni kämilleşdirýärler.
Bu gün hem zenanlar dürli ugurlarda öz hünär başarnyklaryny görkezip, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda möhüm wezipeleri eýeleýärler. Olar işleriniň täze ugurlaryny özleşdirýärler we diňe bir ukyp-başarnyklaryny görkezmek bilen çäklenmän, täzeçe pikirlenmegi hem başarýarlar. Türkmen zenanlary döwlet häkimiýet edaralarynda – kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji, kazyýet edaralarynda, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň beýleki ulgamlarynda mynasyp wekilçilik edýärler, daşary syýasy işine işjeň gatnaşýarlar, telekeçilik işini üstünlikli alyp barýarlar.
«Jemgyýetimiziň durnukly ösüşiniň möhüm şertli hökmünde bu gün döwletimiz tarapyndan zenanlara ýeňillikler berilýär, olaryň mynasyp durmuşy we döredijilik zähmet çekmekleri üçin zerur şertler döredilýär, gender deňligi kanun esasyda üpjün edilýär. Olaryň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün edilýär. Olaryň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek, maşgalany goldamak, eneligi we çagalygy goramak babatda hem ýurdumyzda yzygiderli işler alnyp barylýar. Bularyň ählisi zenanlarymyzyň bagtyýarlygyny has-da artdyryp, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämiziň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr». Döwlet baştutanymyzyň bu sözleri zenanlaryň aň-paýhas we durmuş mümkinçiliklerini ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek, olaryň hukuklaryny goramakda kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, köp çagaly maşgalalara goldaw bermäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek ýaly anyk işlerde öz beýanyny tapýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň zenanlary dürli ulgamlarda özleriniň ruhy, intellektual we ahlak mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanýarlar. Türkmenistanyň zenanlary-täze taryhy eýýamy döredijilik, tutanýerli zähmetkeşler. Olar milletimiziň belent ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak we ösdürmek bilen, döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşuna işjeň gatnaşýarlar.
Şunuň bilen 8-nji mart baýramy zenanlara bolan çäksiz söýgini sungatyň üsti bilen hem beýan etmek bolar, olaryň gözelliklerini we ajaýyplygyny wasp etmek üçin şanly senedir. Türkmen nusgawy edebiýaty zenanlara çäksiz söýgä hem-de olara sarpa goýmak duýgularyna beslenendir. Türkmen nusgawy şahyrlarynyň eserleri beýik milli döredijiligiň ajaýyp nusgalarydyr, olary aýal-gyzlaryň ajaýyp häsiýetleri döredijilik belentliklerine ruhlandyrypdyr, halkymyzyň ene ýüregi, olaryň aýratyn mährem ýugrulan hüwdileri barada döreden, dilden-dile geçip gelýän rowaýatlar türkmenlerde enäni mukaddeslik hökmünde sarpalamak ýörelgelerini kemala getiripdir. Türkmen zenanlary nepis halylary dokamak, keçe basmak, milli nagyşlary döretmek sungatyny kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetirdiler, bu senetde olaryň çeper zehini, arzuw-hyýallary öz beýanyny tapýar.
8-nji mart diňe bir baýram däl, eýsem zenan mertebesiniň belent tutulýandygynyň, olara bolan çäksiz söýgüniň we minnetdarlygynyň aýdyň nyşanydyr.
Gelin-gyzlar barada aladalary edýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Täzegül HUDAÝGULYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hasabatçysy.