13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlar, kabul edilen çözgütler, öňde goýlan maksatlar döwletimiziň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da okgunly ösüşleriň, depginli öňegidişlikleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny tassyklaýar.
Garaşsyz Türkmenistanyň bu günki ykdysady ösüş nusgasy diňe bir çylşyrymly şertlere durnuklylygyny subut etmek bilen çäklenmän, eýsem, hil taýdan täze derejä çykmaga-da ukyplydygyny görkezýär. 2025-nji ýylda uzak möhletleýin milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly üstünlikler gazanyldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy giňden belleniljek ýyl bolan 2026-njy ýyl üçin kesgitlenilen maksatlar bolsa berkarar Watanymyzyň has belent sepgitleri nazarlaýandygyna şaýatlyk edýär.
2025-nji ýylda ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň bolup, munuň dünýä boýunça ortaça görkezijiden ýokarydygyny bellemek gerek. Şeýle üstünlik agzybir we jebis halkymyzyň tutanýerli zähmetiniň, ýurdumyzyň ykdysady we döredijilik mümkinçilikleriniň netijesidir. Maliýe serişdeleriniň oýlanyşykly sarp edilmegi diňe bir ilatyň durmuş üpjünçiligi bilen bagly wezipeleri üstünlikli çözmäge däl, eýsem, täze maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga hem mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşişi, tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolmagy, döwletimiziň uzak geljegi nazarlaýan, çuňňur oýlanyşykly ykdysady strategiýany öňe sürmegi ykdysadyýetde gazanylýan okgunly ösüşleriň açarydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika, gurluşyk, senagat, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk, maliýe, söwda we işewürlik ýaly önümçilik ugurly pudaklardaky ösüşleriň ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlary bilen sazlaşykly utgaşmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler syýasatynyň barha rowaçlanýandygyny görkezýär.
Soňky ýyllarda halk hojalygynyň pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barlan özgertmeler netijesinde, milli ykdysadyýetimiz diňe bir çig malyň eksportyna däl-de, eýsem, ýokary goşulan gymmata eýe bolan taýýar önümleri dünýä bazaryna çykarmaga ukyply ykdysadyýete öwrüldi. 2025-nji ýylda polimerler, mineral dökünler ýaly gazhimiýa önümleriniň eksport möçberleriniň artmagy munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Senagat pudagy hem ýurdumyzyň ykdysadyýetinde öňdebaryjy orunlara ymtylýar. Innowasion tehnologiýalara esaslanýan iri senagat kärhanalarynyň birnäçesiniň işe girizilmegi netijesinde pudagyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmakda uly öňegidişlikler gazanyldy. Aýratyn-da, ýeňil senagatda we gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde gazanylan tejribeler importyň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly harytlaryň önümçiligini artdyrmaga mümkinçilik berdi. Şunda döwletimiziň goldawyndan galkynýan hususy pudagyň eýeleýän orny aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sebäbi dünýä tejribesiniň gazananlaryny üstünlikli özleşdirýän telekeçiler häzirki döwürde diňe bir kiçi we orta işewürlik kärhanalaryny däl, eýsem, ägirt uly önümçilik toplumlaryny-da işe girizmek bilen, içerki bazaryň zerurlyklaryny üpjün edýän hem-de eksporta niýetlenen önümleriň önümçiligini üstünlikli ýola goýýarlar.
On ýyl mundan ozal hususy pudakdaky maýanyň esasy bölegi söwdada jemlenen bolsa, häzirki döwürde türkmen telekeçileriniň üstünlikleri önümçilik we hyzmatlar ulgamy bilen baglanyşyklydyr. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde döredilip, hormatly Prezidentimiziň goldawyndan ruhlanýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri bilen aýakdaş gadam urýandygyny, hususyýetçiligiň ösüşlere bat berýän esasy hereketlendirijileriň birine öwrülýändigini görkezýär.
Düzüminde 30 müňe golaý agzany birleşdirýän iri işewürlik birleşmesiniň wekilleri bu günki gün oba hojalygy, senagat, gurluşyk, söwda we hyzmatlar ýaly ugurlarda netijeli işleri durmuşa geçirýärler. Tarp ýerleri özleşdirip, miweli baglaryň, ekin meýdanlarynyň müňlerçe gektaryny dolandyrýan, aňyrsy-bärsi görünmeýän ýyladyşhana toplumlarynda bol hasyl ýetişdirýän, häzirki zaman maldarçylyk toplumlaryny işe girizýän telekeçiler uly öňegidişlikleri gazanýarlar. Häzirki döwürde türkmen telekeçileri ýeten sepgitleri bilen ýokary tehnologik ugurlarda bäsdeşlige ukyplydyklaryny-da tassyklaýarlar. Gurluşyk pudagynda hususy pudagyň gysga döwürde ýeten derejesi özbaşyna uly söhbet. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalary ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyndan başlap, çylşyrymly inženerçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine çenli ýoly geçdiler. Sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň gurluşygy we Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň taslamasy türkmen gurluşykçylarynyň ukyp-başarnyklarynyň halkara derejä çykandygyny subut edýär. Senagatçylaryň we telekeçileriň önümleriniňdir ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň Halkara standartlaşdyryş guramasynyň (ISO) we beýleki abraýly düzümleriň sertifikatlaryna mynasyp bolmagy olaryň hil derejesiniň ýokarlanyp, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygynyň artýandygyny görkezýär.
Döwletimiziň hususy pudaga berýän goldawy, esasan, döwrebap kanunçylyk binýady, ýeňillikli karzlar, ýerleriň uzak möhletleýin kärendesine berilmegi ýaly şertlerde jemlenýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hususy pudaga uly ynam bildirýär. Bu hakykaty «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmek wezipesiniň kesgitlenendiginde-de aýdyň görmek bolýar.
Maksatnama laýyklykda, milli ykdysadyýetimize 41,2 milliard manada golaý maýa goýumlary gönükdirmegiň, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna iş orunlarynyň 5 müň 300-den gowragyny döretmegiň, umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny, bilim ojaklaryny ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigi hem muňa mysal bolup biler. Şular bilen birlikde, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, ýurdumyzyň sebitlerinde gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek, ekin ýerlerini özleşdirmek, ilat üçin ýokary hilli önümleri öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek ýaly möhüm ugurlarda telekeçileriň öňünde wajyp wezipeler durýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleri bu ugurdaky hususy başlangyçlaryň rowaçlanmagyna güýçli itergi berýär.
Täze taryhy döwürde telekeçilik ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň dürli ýurtlara amala aşyrýan saparlarynda hususy pudagyň wekilleriniň yzygiderli gatnaşyp, dostlukly döwletleriň degişli düzümleri bilen türkmen işewürleriniň arasynda ylalaşyklaryň gazanylmagy muňa aýdyň mysaldyr. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran sapary hem döwletara hyzmatdaşlygyň rowaçlanmagynda işewürlik gatnaşyklaryna aýratyn ornuň degişlidigini ýene bir gezek tassyklady. Milli Liderimiziň bu ýerde geçiren duşuşyklarynda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň işewür düzümleriniň arasynda geljegi uly bolan ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzyň senagat, oba hojalygy, energetika ýaly möhüm pudaklarynda amerikan kompaniýalarynyň innowasiýalaryny ornaşdyrmak, golf meýdançalaryny gurmak, atçylyk sportunda we syýahatçylykda tejribeleri baýlaşdyrmak bilen bagly başlangyçlar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň anyk maksatlara gönükdirilendigini äşgär edýär. Şunuň bilen baglylykda, hususy pudagyň wekillerine hem öňdebaryjy tehnologiýalary, halkara hil standartlaryny, täzeçil tejribeleri ornaşdyrmak babatda oňaýly mümkinçilikleriň açylýandygyny bellemek gerek.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ykdysadyýetiň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülip, maýa goýum maksatnamalarynyň, durmuş ugurly özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna, iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşmak bilen, ýurdumyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşi üçin pugta binýady döretmegi maksat edinýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, şol sanda hususy pudagyň belent maksatlarynyň rowaç almagyna giň ýol açýar.
Ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.