Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

ZENAN — JEMGYÝETIŇ DAÝANJY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer, jemgyýetçilik ugurly syýasatynda zenan mertebesine goýulýan sarpa aýratyn many mazmuna eýedir. Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan milli ýörelgelerinde zenan mertebesi, ene mukaddesligi, maşgala ojagynyň abatlygy beýik gymmatlyklar hökmünde ýaşap gelýär. Häzirki wagtda bu asylly däpler döwrebap ösüşler bilen utgaşyp, döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrüldi. 

Türkmen jemgyýetinde zenan mukaddeslik, maşgala binýadynyň berk diregi, nesil terbiýesiniň esasy sütüni hasaplanýar. Häzirki döwürde zenanyň orny diňe öý-ojak bilen çäklenmeýär. Döwlet gurluşynda, ykdysadyýetde, ylym bilim ulgamynda, diplomatiýada hem-de jemgyýetçilik institutlarynda zenanlaryň paýy ýylsaýyn artýar. Şonuň üçin ýurdumyzda zenanlar syýasaty döwlet ösüşiniň strategik ugry hökmünde çykyş edýär. 

Her ýylyň 8-nji martynda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni ýurdumyzyň durmuşynda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bu baýram diňe bir halkara jemgyýetçiliginiň ykrar eden senesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen zenanlaryna goýulýan beýik hormatyň, olaryň zähmetine we döredijiligine berilýän ýokary bahanyň nyşany hökmünde dabaralanýar. Baýramçylyk günlerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde zenanlaryň gazanýan üstünlikleri giňden wasp edilýär, dürli pudaklarda tapawutlanan enelerimize, ýaş hünärmenlerimize döwlet sylaglary gowşurylýar, hormatly atlar dakylýar we çagalar bagynda terbiýelenýän gulpaklyja gyzlarymyzdan başlap, ak saçly enelerimize çenli ähli zenanlarymyza hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary berilýär. Bu çäreler jemgyýetde zenan mertebesiniň has-da belende göterilýändigini görkezýär. Döwlet tarapyndan enelere we köp çagaly maşgalalara berilýän durmuş goldawlary, ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegi — bularyň ählisi zenan bagtynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň miwesidir.

Türkmen jemgyýetinde zenan, ilkinji nobatda, ene hökmünde uly hormata eýedir. Ene — ýaş nesli terbiýeleýän, milli gymmatlyklary, ahlak ýörelgelerini, watançylyk ruhuny nesilden nesle geçirýän mukaddes şahsdyr. Şoňa göräde, döwletimiziň ýaş maşgalalary goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça amala aşyrýan maksatnamalary giň gerimlidir.

Milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy we hususy pudagyň ösdürilmegi bilen zenan telekeçiligine aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda zenanlar senagatda, oba hojalygynda, hyzmatlar ulgamynda, ýeňil senagatda, maglumat tehnologiýalarynda üstünlikli iş alyp barýarlar. Olar täze iş orunlaryny döretmek bilen birlikde, içerki bazary ýokary hilli önümler bilen üpjün etmekde, eksporty artdyrmakda hem möhüm orun eýeleýärler.

Döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi goldamak maksady bilen ýeňillikli karzlaryň berilmegi, salgyt ýeňillikleri, maslahat we okuw hyzmatlarynyň guralmagy zenanlaryň ykdysady işjeňligini ýokarlandyrýar. Telekeçi zenanlaryň gatnaşmagynda halkara sergilerde, forumlarda ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty giňden görkezilýär. Bu bolsa zenanlaryň diňe bir maşgalanyň däl, eýsem, döwletiň ösüşine hem mynasyp goşant goşýandygyny tassyklaýar.

XXI asyr maglumat we tehnologiýa asyrydyr. Sanly transformasiýa jemgyýetiň ähli ugurlaryny, şol sanda zenanlaryň ykdysady we jemgyýetçilik gatnaşygyny düýpli üýtgedýär. Uzakdan işlemek, elektron söwda, onlaýn hyzmatlar ýaly täze formatlar zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeldýär. Sanly giňişlik zenana diňe goşmaça iş däl, eýsem, ykdysady döredijiligiň täze modelini hödürleýär. Berkarar döwletimiziň syýasy ulgamynda hem zenanlaryň orny barha pugtalanýar. Olar milli parlamentde, ýerli wekilçilikli edaralarda, jemgyýetçilik guramalarynda jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler. 

Bilim ulgamynda-da zenanlaryň paýy ýokarydyr. Ýaş gyzlaryň ýokary okuw mekdeplerinde, hünär bilim edaralarynda giň mümkinçiliklerden peýdalanmagy olaryň geljekki hünär ýolunyň berk binýadyny goýýar. Ylym we täze tehnologiýalar ulgamynda zenan alymlaryň, mugallymlaryň gazanýan üstünlikleri ýurdumyzyň intellektual kuwwatynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. 

Medeniýet we sungat ulgamynda zenanlaryň döredijilik güýji milli mirasymyzy baýlaşdyrýar, dünýä jemgyýetçiligine türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny giňden tanadýar. Bilimli, giň dünýägaraýyşly,  ýokary hünärli zenanlaryň kemala gelmegi jemgyýetiň intellektual kuwwatynyň ýokarlanmagyna gönüden-göni täsir edýär. 

Zenan mertebesine goýulýan sarpa jemgyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir. Sebäbi zenanlaryň bilimli, sagdyn, ykdysady taýdan işjeň bolmagy maşgalanyň, jemgyýetiň we döwletiň kuwwatlylygynyň artmagyna ýardam edýär. Şeýlelikde, Türkmenistanda zenanlara döredilýän giň mümkinçilikler, olaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň döwlet tarapyndan ygtybarly goralmagy, halkara derejede zenan mertebesiniň dabaralanmagy ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer syýasatyň aýdyň beýanydyr. 

Şeýlelikde, zenanlar syýasaty Türkmenistanyň häzirki ösüşiniň hem, geljek üstünlikleriniň hem möhüm binýadyny emele getirýär. Zenan bagty—döwletiň bagty, ene mukaddesligi bolsa milletiň bakylygynyň nyşanydyr.

Ogulbeg ANNAORAZOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.