Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz durnukly ösüşiň, abadançylygyň, halkara hyzmatdaşlygyň ýolunda ynamly öňe barýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy wakalary halkymyzyň kalbynda buýsanç duýgularyny döredýär. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran sapary bolsa sport diplomatiýasynyň we syýahatçylyk mümkinçilikleriniň ösdürilmeginde täze sahypany açdy.
Gahryman Arkadagymyzyň ABŞ-nyň Florida ştatynda geçiren ýokary derejeli duşuşyklarynyň gün tertibinde sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyga möhüm orun degişli boldy. Hususanda, dünýä belli «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşiklerde ýurdumyzda golf sporty boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze sport desgalarynyň gurulmagy babatda giňişleýin pikir alşyldy. Bagtyýar zamanamyzyň rowaçlyklarynyň nyşany bolan Arkadag şäherinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap golf meýdançalarynyň gurulmagy diňe bir sportuň bu görnüşini wagyz etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň halkara syýahatçylyk babatda özüne çekijiligini mundan beýläkde artdyrar.
Türkmeniň milli buýsanjyna deňelýän ahalteke atlary bu gün diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygyna öwrüldi. Milli Liderimiziň taryhy ähmiýetli saparynyň dowamynda bu babatda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga, atçylyk sportuny täze derejä çykarmaga gönükdirilendir. Sportuň bu görnüşleriniň ösdürilmegi milli gymmatlyklarymyzyň, asylly däplerimiziň dowam etdirilmegi bilen birlikde, ýaş nesilleriň sagdyn we ruhubelent bolup ýetişmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň her bir künjeginde gurlan köpugurly stadionlar, sport toplumlary we saglyk merkezleri raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi üçin ähli şertleri döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda kemala gelen sport medeniýeti bu gün köpçülikleýin häsiýete eýe bolup, halkymyzyň ruhy we beden taýdan kämilliginiň esasy şerti hökmünde çykyş edýär.
Ýurdumyzda bedenterbiýe we sport, sagdyn durmuş ýörelgeleri Watanymyzyň uzakmöhletleýin ösüşiniň möhüm şertleri hökmünde ileri tutulýar. Dünýä döwletleri bilen söwda ykdysady, işewürlik gatnaşyklary bilen deň derejede sporty ösdürmäge, sagdyn nesilleri kemala getirmekde tejribeleri paýlaşmaga aýratyn ähmiýet berilmegi çuňňur many mazmuna eýedir.
Serdar PAŞIKOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.