Milli senenamamyzda aýratyn orun eýeleýän «8-nji Mart – Halkara zenanlar güni» ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden bellenilip, merdana halkymyzy, ozaly bilen täze maksatlara, beýik işlere ruhlandyrýar, nesillerimizde milli buýsanjy, ynsanperwerligiň belent häsiýetlerini terbiýeleýär. Ine, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem eziz Diýarymyzda ýaz paslynyň jana şypaly günlerinde bu halkara baýram ýokary ruhubelentlik bilen giňden bellenilýär.
Ýurdumyzda beýik özgertmeleri, iri möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmekde özleriniň ähmiýetli goşandyny goşup, bitiren aýratyn hyzmatlary hem-de zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda gazanan uly üstünliklerini nazara almak bilen gelin-gyzlarymyza «Zenan kalby» ordeni we her ýyl hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Garaşsyz Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýän sekiz we şondan köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurylyş dabaralary geçirilýär.
Öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyz asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda yhlasly zähmet çekýärler, ýurdumyzy kuwwatly döwlete öwürmek ugrunda ähmiýetli işleri amala aşyrýarlar. Maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýan gymmatly ýörelgesidir. Gyz-gelinleriň sabyr-takatlylygy, edasy iliň genji-hazynasydyr diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Gelin-gyz gözelligi diýlen düşünjede-de ruhy gözelligi-de, keşbiň, egin-eşigiň, edebiň, gylyk-häsiýetiň gözelligini-de öz içine alýar. Sözüň hakyky manysynda gözel bolmak üçin diňe keşbiň gözelligi ýeterlik bolman, eýsem, tutuş ynsanlyk durkuň gözel bolmagy gerekdir. Muny bolsa, dürli döwürlerde türkmen topragyna syýahat eden alymlaryň türkmen gelin-gyzlarynyň tebigy owadanlygynda, geýinmek medeniýetiniň has hem millilikdiginde gürrüň bermeklerinde aýdyňlygy bilen görmek bolýar. Zenan diýlende, ilki bilen ahlak taýdan arassa, merdem, parasatly, ojak eýeleri göz öňüňde janlanýar. Zenanlar ýöne ýerden bahar paslynyň ýazlaryna deňelenok. Bu pasla mahsus ähli ajaýyplyklar mährem gelin-gyzlaryň häsiýetlerinde jemlenýär.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimizi milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, gyzlaryň arasynda ene-mamalarymyzdan gelýän edim-gylymlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi dowam etdirmekden ybarat. Çeper elli türkmen zenanlarynyň tagallasy arkaly özüniň nepisligi we gözelligi bilen göreni haýran galdyrýan türkmen halylarydyr ajaýyp keşde-nagyşlary bütin dünýäde ykrar edilen sungat eserleri hökmünde biziň günlerimize ýetirildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ene-mamalarymyzdan günümize gelip ýeten ajaýyp türkmen halylarymyz milli gymmatlygymyz bolmak bilen, ýaş nesillerimize dowam bolmagy ugrunda birnäçe ägirt uly işler amala aşyrylýar.
Goý, Zeminiň zynaty, dünýäniň durky bolan zenanlarymyzyň ýüzleri elmydama gülüp dursun! Zenanlaryň sarpasyny belent tutup, olary bagtyýarlykda bagtly ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.