Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

ÝYLLAR ÜSTÜNLIKLERE BESLENÝÄR

Üstünliklere beslenip gelýän ýyllar halkymyza bagtyýarlyk eçilýär. Olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň taryhynyň täze sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylyp, belent maksatlara tarap alyp barýar. Her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy netijesinde 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi. Bu şygar bedew batly ösüşleriň belentliklerine gadam urýan eziz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikleriň, durmuşa geçirilýän beýik işleriň aýdyň beýanyna öwrüler.

         Täze taryhy eýýamda berkarar döwletine guwanyp, buýsanyp ýaşaýan zähmetsöýer halky bilen ata Watanymyz diňe öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, asudalygyň ygtybarly binýadyna daýanýan ýurdumyzda uly ösüşler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň senagatynda we oba hojalygynda halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen oňyn özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa döwlet Baştutanymyz tarapyndan kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Geçen ýylda ähli ulgamlarda  ýetilen sepgitler ata Watanymyzyň täze belentlikleriň ýoly bilen aýdyň geljege tarap ynamly öňe barýandygyna, ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýynyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk etdi.

Gözel paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyp ulanmaga berilmegi geçen ýylyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmegi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümçilik toplumlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda, milli bilim ulgamyna halkara tejribeleriň ornaşdyrylmagynda nobatdaky möhüm ädim boldy. Ýurdumyzda hususy ulgamy höweslendirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ugrunda uly işler amala aşyryldy. Bu bolsa türkmen telekeçilerini öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Ajaýyp zamanamyzda telekeçilige aýratyn üns berilmegi ýurduň eksport mümkinçiligini we gaýtadan işleýän senagatyň ygtybarlylygyny artdyrýar. Döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi gönüden göni kiçi we orta telekeçiligiň işjeňligine bagly bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzda hususy işewürlik ösdürilýär, telekeçilik bilen meşgullanýan raýatlary goldamak üçin amatly şertler döredilýär. Döwlet tarapyndan hususyýetçilere edilýän goldaw-hemaýat özüniň oňat netijesini hem berýär.

«At — myrat» diýlişi ýaly, «Garasyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda maksatlarymyz myrat tapýar. Çünki halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen bedew atlar döwletliligiň, ruhy güýjüň, okgunly ösüşleriň nyşanydyr. Ata Watanymyz Türkmenistany bedewiň bady bilen röwşen geljegimize alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Tuwakgylyç WELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.