Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy barha işjeňleşdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip düzülen daşary syýasat strategiýamyz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Şu ýylyň fewral aýynyň ikinji ongünlüginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikler muny aýdyňlygy bilen tassyklady.
Gahryman Arkadagymyzyň «Nicklaus Companies» ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynda ýurdumyzda golf sportuny ösdürmegiň ugurlary barada pikir alşyldy. Bilşimiz ýaly kompaniýa häzirki wagtda dünýäniň birnäçe ýurdunda 450-den gowrak golf meýdançalarynyň gurluşygyny amala aşyrdy. Gepleşikleriň dowamynda Arkadag şäherinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda golf meýdançalaryny gurmagyň meýilleşdirilýändigi habar berildi. Golf sporty dünýäde ekologik taýdan arassa hem-de ýaşlaryň uly isleginden peýdalanýan sport görnüşleriniň biridir. Arkadag şäherinde iňlis diline ýöriteleşdirilen mekdebi gurmak meýilleşdirilýändigi hem-de bu ýerde okuw prosesi ABŞ-nyň abraýly ýokary okuw jaýlaryna, ýagny Garwardda Massaçusets tehnologiýa institutyna, Kolumbiýa uniwersitetine girip okuwuny dowam etdirmäge mümkinçilik dörediler. Şeýle hem Milli Liderimiziň «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine Ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Panther» milli golf klubyna baryp, bu ýerde golf meýdançalarynyň gurluş aýratynlyklary bilen tanyşmagy täsirli pursatlara baý boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň «La Victoria» atçylyk toplumyna baryp görmegi hem has-da täsirli boldy. Milli Liderimiz bu ýerde atlaryň idedilişi, olaryň dürli ýaryşlara taýýarlyk pursatlary bilen ýakyndan tanyşdy. Bilşimiz ýaly, biziň ýurdumyzda hem atçylyga aýratyn uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň dürli künjeginde atçylyk sport toplumlary guruldy. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky atçylyk akademiýasynyň, Görogly adyndaky atçylyk sirkiniň hem-de ylmy-önümçilik merkeziniň hereket edýändigini bellemelidiris. Bularyň ählisi berkarar döwletimizde atçylygy ösdürmäge döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Baý many-mazmunly saparynyň dowamynda Milli Liderimiz «John Deere Walldorf International GmbH» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi. Mälim bolşy ýaly, bu kompaniýa bilen indi birnäçe ýyldan bäri ýola goýlan gatnaşyklary uzak möhletli häsiýete eýedir. Ýurdumyzyň pagta, bugdaý meýdanlarynda bu kompaniýanyň kuwwatly tehnikalarynyň kerwen gurap işleýän pursatlaryna şaýat bolýarsyň. Gahryman Arkadagymyzyň geçiren duşuşygynyň dowamynda ýurdumyza täze döwrebap tehnikalary getirmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Hanyň sowallaryna beren jogaplary saparyň taryhy ähmiýetini açyp görkezdi. Gahryman Arkadagymyz söhbetdeşligiň dowamynda «Türkmenistan Bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda däp bolan dostlukly, netijeli, özara bähbitli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýratyn bellemek gerek. Bu gatnaşyklar syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, bilim, ylym, sport ýaly esasy ugurlaryň ählisini diýen ýaly öz içine alýar» diýmek bilen, häzirki wagtda dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da işjeňleşdirilýändigini nygtady.
Geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň tebigy serişdelere baýdygy hakyndaky meselelere-de aýratyn orun berildi. Bu baradaky sowala jogap bermek bilen, Milli Liderimiz: «Biz energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, syýasy derejede hem-de halkara hukuk nukdaýnazaryndan, häzirki ählumumy ösüşiň talaplary, özara bähbitlilik esasynda alyp barýarys» diýip belledi. Hakykatdanam, Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde möhüm başlangyçlary öňe sürdi we bu ugurda abraýly halkara guramasy tarapyndan birnäçe Kararnamalar kabul edildi.
Umuman, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş sapary köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryň has-da işjeňleşdirilmegine uly ýardam berer. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde hususy ulgamyň wekilleriniň hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge birnäçe mümkinçilikleriniň dörändigini bellemek buýsançlydyr.
Eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.