Garaşsyz döwletimizde telekeçiligiň çalt depginlerde ösdürilmegine uly üns berilýär. Sebäbi döwlete degişli bolmadyk bu çygryň ösdürilmegi halk hojalygynda täze öndüriji güýjüň ýylsaýyn kuwwatlanmagyna netijeli täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladasy netijesinde hususyýetçilige döwlet tarapyndan berilýän goldaw-ýardamyň gerimi giňeýär. Bu bolsa önümleriň, harytlaryň bolçulygyny döredip, hyzmatlaryň görnüşlerini artdyryp, hiliniň ýokarlanmagyna getirýär. Ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutup bilýän, bäsleşige ukyply, ýokary hilli önümleri öz döwletimizde öndürmek wezipesi öňde goýulýar. Şonuň üçinem içerki bazarlarymyzda haryt bolçulygyny döretmekde, şeýle hem döwletimiziň eksport mümkinçiligini artdyrmakda öňde goýlan wezipeleri çözmeklige telekeçilerimiz öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen tutumly işleriň bady artýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen giň möçberli wezipeleri amala aşyrmakda tutumly işleriň gerimi giňeýär. Şeýle wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginde ýurdumyzyň telekeçilerine uly orun degişlidir. Soňky ýyllarda hususyýetçilere döwlet tarapyndan berilýän goldaw-ýardamyň netijesinde döwlete degişli bolmadyk çygyr ösüşli döwri başdan geçirýär. Bu bähbitli ýagdaý welaýatymyzda-da giň gerime eýe bolup, telekeçilerimiz harytlaryň we önümleriň bolçulygyny döretmekde, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyryp, hilini ýokarlandyrmakda uly işleri bitirýärler. Täze iş orunlary peýda bolýar. Guwandyryjy ýeri hem, telekeçilik milli ykdysadyýetimizde kuwwatly öndüriji güýç hökmünde öňe çykýar. Indi hususyýetçilerimiziň öndürip, ilata hödürleýän önümleridir harytlary il-günümiziň uly islegine mynasyp bolýar.
Üstümizdäki –«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da döwlet Baştutanymyzyň telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen tagallalary rowaç alýar. Hususyýetçiligiň çalt depginlerde ösdürilmegi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysadyýetiniň öňe gitmegine kuwwatly itergi berýär. Bähbitli işleriniň barha rowaçlanýan telekeçilerimiziň Mary welaýatymyzda ýylsaýyn köpelýändigi bizi diýseň guwandyrýar. Bu ýagdaý il-günümiziň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Gahryman Arkadagymyz: «Telekeçilerimiz ýurdumyzyň altyn gaznasydyr» diýmek bilen, olara uly ynam bildirýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz biziň öz milli telekeçilerimiziň alyp barýan giň gerimli işlerine guwanmaga haklydygymyzy nygtaýar. Döwletimiziň zähmetsöýer, aladaçyl hususyýetçileri bolsa, özlerine bildirilýän uly ynamy ödemek üçin ähli tagallalary edýärler.
Telekeçilik çygrynyň kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmakda-da degerli işler geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän ýeňillikli salgyt ulgamy hususyýetçileri has öndürijilikli zähmete ruhlandyrýar. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamakda alnyp barylýan işlerem hususyýetçiligiň ösüşli ýoluna kuwwatly itergi berýär. Garaşsyz döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän bu tutumly işler ösüş-özgerişli menzillerimiziň rowaçlanmagyna mümkinçilik berip, güneşli Diýarymyzy jenneti mekana öwürýär.
Türkmen telekeçilerini täze sepgitlere ruhlandyrmakda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň alyp barýan işleri uly ähmiýete eýedir. Partiýamyz tarapyndan telekeçilerimize uly goldaw berilýär. Şeýle-de ýaşlary telekeçilige çekmekde degerli işler alnyp barylýar. Telekeçilerimizi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýýan giň möçberli wezipelerini, iri taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge jemlemekde netijeli işleri geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatyny, sagdyn durmuş ýörelgesini telekeçilerimiziň arasynda giňden wagyz-nesihat etmek wajyp wezipelerimiz bolup durýar. Biz şeýle wezipelerden ugur alyp, hususyýetçilerimiz bilen düşündiriş we wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirip durýarys.
Türkmen telekeçileri arassa, halal zähmet çekip, azyk bolçulygyny döretmäge we önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny we hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Maral DURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.