Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

TÄZE SEPGITLERE TARAP

Her ýylyň özüne mahsus ösüşi, özgertmeleri, öwüşgini bolýar. 2026-njy ýyl hem mähriban Watanymyz Türkmenistan üçin möhüm taryhy wakalara baý, syýasy, ykdysady we medeni ösüşleri öz içine aljak ýyllaryň biri bolar. Bu ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyryldy. Bu şygar, diňe bir döwletiň jemgyýetde gazanýan üstünliklerini däl, eýsem, halkyň geçmişden gelýän baýlyklaryny, medeniýetini we milli mirasyny, türkmen topragynyň gülläp ösüşini we parahatçylygyny alamatlandyrýar. 

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanda bedewleriň şan-şöhraty we ahalteke atlarynyň meşhurlygy has-da artdy. Çünki türkmen halkynyň häzirki döwürde «Asman atlary» we «Behişti bedewler» diýip mynasyp baha berýän bedewleri, döwletiň ähli ugurlarynda öňe gitmeginiň, jemgyýetdäki ösüşleriň we parahatçylygyň nyşanydyr. Milli mirasyň we geljegiň baglanyşygy bolup, türkmen halkynyň beýik maksatlara ýetmegi üçin ak hem aýdyň ýoludyr. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesine esaslanyp, bu günki gün halkymyz täze ýylyň şygary bilen öňe barýar, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni we ylym-bilim ugurlarynda ýokary ösüşler gazanylýar.  Maksatnamalaýyn alnyp barylýan işlerde, gazanylýan beýik ösüşlerde hususyýetçileriň hem mynasyp paýy bar. 

Türkmenistan dünýäde parahatçylyk, agzybirlik we ösüşiň ähli ugurlarynda öňe gitýän ýurt hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda hususyýetçiligiň ösüşi, häzirki zaman ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Işewürler gurluşykda,  maldarçylykda, guşçylykda, senagat önümlerini, oba hojalyk önümlerini öndürmekde baý tejribe topladylar.

Döwlet Baştutanymyzyň: «Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barlar. Bu bolsa ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir eder» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda hususyýetçiligiň ösmegi ugrunda edilýän uly aladalar, ýeňillikler esasynda telekeçiligiň gerimi gün-günden giňäp, täze pikirler we innowasiýalar möhüm orny eýeleýär. Telekeçiler öz işlerini dolandyrmakda önüm öndürmekde, azyk bolçulygyny döretmekde  dünýä nusgalyk işler alyp barýar.

2026-njy ýylyň şygary, telekeçileri täze üstünliklere höweslendirip, täze taslamalaryň üstünde işlemäge ruhlandyrýar. Bu bolsa halkymyzyň bolelin ýaşamagyna, ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Telekeçileriň täze innowasiýalary we täze tehnologiýalary peýdalanyp işlemegi bolsa olaryň döwür bilen aýakdaş gidýändigini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen subut edýär. 

Ýene-de sanlyja günlerden telekeçiler, işewürler üçin uly çäreleriň biri  2026-njy ýylyň 17-19-njy martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň XVIII ýyllygy mynasybetli maslahat we sergi geçiriler. Geçiriljek sergä  gatnaşmak üçin Lebap welaýatynyň telekeçileri hem ykjam taýýarlyk görýärler. Bu sergi türkmen telekeçiliginiň häzirki döwrüň talabyna laýyklykda ösendigini, bu ugurda gazanylan üstünliklerini, ýetilen sepgitlerini giňişleýin görkezer.

Türkmen telekeçileri halkara bazarlarda mynasyp orny eýeläp, ençeme ýyllary üstünlikli jemleýär. Ýyllary ýyllardan zyýada gelýän bu ýyly hem üstünlikli jemlejekdiklerine, uly ösüşleri gazanjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys. 

Türkmen işewürlerine uly ynam bildirip, giň mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Leýla REJEPOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.