Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmek babatynda birnäçe beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem halkymyzyň döredijilikli we tutanýerli zähmeti bilen belent sepgitlere ýetilýär. Şu ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş-ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça Köneürgenç etrabynyň ýylyň iň gowy etraby diýlip yglan edilmegi hem-de etrabyň häkimliginiň 1 million amerikan dollary bilen sylaglanmagy welaýatymyzyň bagtyýar raýatlarynyň göwün guşuny ganatlandyrdy.
Bu şanly waka mynasybetli gadymy Köneürgenç topragynda uly toý-dabarasy geçirilip, Köneürgenç etrabynyň häkimligine 1 million amerikan dollary gowşuryldy. Bu dabara berkarar döwletimizde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyrýar. Ýeri gelende bellesek, welaýatymyz boýunça 2016-njy ýylda şeýle ýokary sylaga Görogly etraby, 2021-nji ýylda Şabat etraby mynasyp boldy. Bedew batly ösüşler bilen şöhratlanjak 2026-njy ýylyň ilkinji günlerinde bolsa Köneürgenç etrabynyň bu ýokary sylaga mynasyp bolmagy welaýatymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletimize şanly ýyllar bolup gadam basýan her bir ýyl özüniň uly rowaçlyklary bilen taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen şygara beslenen 2025-nji ýylda hem ýurdumyz boýunça belent sepgitlere ýetildi. Hormatly Prezidentimiziň şanly waka mynasybetli Köneürgenç etrabynyň bagtyýar ilatyna iberen gutlagynda belleýşi ýaly, Köneürgenç etraby durmuş-ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda depginli ösdürilýär. Bu bolsa döwletli tutumlaryň hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp şygaryndan gözbaş alýandygyna şaýatlyk edýär.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyndan mynasyp orun alan Köneürgenç topragy özüniň täsin arhitektura ýadygärlikleri bilen dünýäni haýrana goýýan ajaýyp künjekdir. Etrabyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärlikleriň üstünden müňýyllyklaryň geçendigine garamazdan, özüniň asyl durkuny saklap, baý geçmiş taryhymyzdan miras bolup saklanyp galmagynda hem uly many bardyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde etrabyň çäginde taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, olarda rejeleýiş işlerini geçirmek boýunça birnäçe işler alnyp baryldy we bu işler häzirki wagtda hem dowam edýär. Dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýän ajaýyp künjek syýahatçylygy ösdürmekde hem uly mümkinçiliklere eýedir. Syýahatçylyk ugrunda telekeçilik işlerini alyp barýan işewürlerimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyza gelýän syýahatçylarynyň aglabasynyň gadymy Köneürgenjiň taryhy ýadygärliklerine bolan gyzyklanmasynyň we baryp görmek baradaky islegleri barha artýar. Bu bolsa taryhy künjege bolan gyzyklanmanyň örän uludygyndan habar berýär.
Bu gün galkynyşly döwrümizde gadymy Köneürgenç ýene-de galkyndy, Şa serpaýy bilen ýalkandy. Bu gadymy toprakda geçen ýylyň altyn güýzüniň ak säherinde döwrebap köpriniň we Bitaraplyk şäherçesiniň gurlup ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem etrabyň çäginde häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, daýhan bazarynyň gurluşyk işlerini alyp barmak boýunça degişli işler geçirilýär. Bu bolsa etrabyň çäginde durmuş-ykdysady taýdan durmuşa geçirilýän beýik işleriň üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem etrabyň çäginde hususy telekeçilerimiz tarapyndan raýatlara uzakmöhletleýin karz serişdeleriniň hasabyna 1 we 2 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny hem bellemek gerek. Bu bolsa etrabyň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş jaýyna bolan islegini doly kanagatlandyrmak babatynda durmuşa geçirilýän döwletli işleriň biridir. Bedew bady bilen badalga alan şanly ýylymyzda bolsa Köneürgenç etrabynyň Şa serpaýyna mynasyp bolmagy göwünlere ganat berip, ähli telekeçileri täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.
Köňüllere şatlyk paýlaýan şu ajaýyp pursatda halkymyzyň bagtyýarlygy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.