Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzda ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Telekeçiligi goldamak boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde hususyýetçilik milli ykdysadyýetiň iň iri pudagyna öwrülýär.
13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň depgini 108,1 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,7 göterime deň boldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan döwrebap senagat kärhanalarynyň birnäçesi ulanyşa girizildi. Şeýle hem öndürilýän önümleriň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň görnüşleri artdyryldy. Bularyň ählisi hususy pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan özgertmeleriň rowaçlanýandygyny tassyklaýar.
Gazanylan netijeler täze üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmek maksat edinilýär. Şeýle hem şu ýyl maýa goýum maksatnamalaryny özleşdirmegiň we hususy kärhanalary açmagyň hasabyna täze iş orunlarynyň 5300-e golaýyny döretmek meýilleşdirilýär. Ýurdumyzy ösdürmek boýunça maýa goýumlaryň bir bölegini kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, importyň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümçilikleri höweslendirmäge gönükdirmek maksat edinilýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda köp sanly durmuş-ykdysady we medeni maksatly desgalary gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şol sanda şu ýyl Diýarymyzda umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny, 3 müň 380 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1 müň 80 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu binalaryňdyr desgalaryň uly böleginiň gurluşygy hususy pudagyň wekilleri tarapyndan alnyp barylýar. Şeýle hem ýurdumyzda hususyýetçiligiň ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryndaky ähmiýetiniň artjakdygyny bellemek gerek. Çünki häzirki wagtda türkmen telekeçileri dürli ugurlarda bäsdeşlige ukyply iş alyp barmagy başarýarlar.
Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ykdysady özgertmeleriň hatarynda senagatlaşdyrmak, elektron senagatyny döretmek ýaly ugurlara uly ähmiýet berlip, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze önümçilikleriň hem-de olarda zähmet çekjek ýokary hünärli işgärleriň täze nesliniň kemala getirilmegi üçin tagalla edilýär. Öňdebaryjy halkara tejribeleriň öwrenilmegi, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bu ugurda oňyn netijeleri gazanmaga ýardam edýär.
Bazar ykdysadyýetinde telekeçiligi ösdürmek ykdysadyýetiň galkynmagynyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti kemala getirmekde hususy işewürlige uly orun berilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan maldarçylyk, guşçulyk, azyk we senagat önümleriniň önümçiligi, gurluşyk ýaly ugurlarda ýokary netijeleri gazanýarlar. Hususyýetçilere iri möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagynyň ynanylmagy bolsa olaryň üstünliklerine berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr.
Ýurdumyzda hususy pudagy ösdürip, telekeçileriň milli ykdysadyýetiň galkynmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna mynasyp goşant goşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Aýnur KULIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy