Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BEDEW BATLY BEÝIK ÖSÜŞLERE BARÝAN EZIZ WATANYM

Gahryman Arkadagymyzyň: “Biz milli buýsanjymyza öwrülen, gözelligi bilen haýran eden tohum atlary ösdürip ýetişdirmek, ata-babalarymyzdan gelýän seýisçilik däplerimizi dowam edip, ýaş nesillerimize geçirmek, olarda atçylyga bolan söýgini artdyrmak ugrunda geljekde hem alada ederis” diýen dana pähimlerinden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz diýarymyzda türkmen bedewleriniň sarpasy we ykbaly has-da belende göterildi. Biziň ata-babalarymyz geçmişde kämil gymmatlyklaryň ençemesini döredipdir we olary şu güne çenli aýap saklap, biziň günlerimize ýetiripdirler. Türkmen aty, nepis halysy, dutary, ak bugdaýy, alabaý iti- bularyň hemmesi halkymyzyň maddy gymmatlyk derejesine çykaran baýlygydyr. Bedew atyň waspy türkmen taryhynyň ähli döwürlerinde-de öz beýanyny tapypdyr. Oguz han, Gorkut ata we beýleki ençeme görnükli söz ussatlarymyz hem bedew at barada dürdäne sözleri we setirleri aýdypdyrlar. Atçylyk sportuny ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň sanyny artdyrmakda, ýaşlarymyzda behişdi bedewlerimize bolan söýgini berkitmekde tutumly işler durmuşa geçirilýär. Ine bu ýylyň şygary hem  Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň mazmunyna laýyk üstünliklere beslenýär. Ol üstünligiň ahalteke bedewleriniň hem-de ýurdumyzyň medeni mirasynyň halkara derejede ykrar edilmegi bilen baglanyşykly bolmagy halkymyzyň buýsanjyny, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny artdyrýar. Şu ýylyň 16 — 25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirildi. Oňa ýurdumyza wekilçilik edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi — topar ýolbaşçysy, we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň baş direktory hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar. Halkara festiwalyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu waka 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň mazmunyny baýlaşdyryp, oňa ajaýyp öwüşgin çaýýar. Bu hoş habary 2026-njy ýylyň üstünliklere beslenjekdiginiň buşlukçysy hökmünde kabul edip bolar. Şol üstünlikleri ahalteke bedewlerimiziň okgunly bady bilen deňeşdirmek ýerliklidir. Sebäbi ol şanly ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň mazmunyna mynasyp uly üstünlikdir. Mälim bolşy ýaly, halkara festiwal 1974-nji ýylda esaslandyrylyp, dünýäniň sirk sungatynyň iň abraýly we ähmiýetli çäreleriniň biridir. Ol her ýyl Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilýär. Sirk sungatynyň meşhurlygyny artdyrmak, onuň däplerini dowam etdirmek, dünýä ýurtlaryndan zehinli artistleri ýüze çykarmak festiwalyň esasy maksadydyr. Bu giň gerimli çäre sirk sungatyny ösdürmäge, dürli ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär. Festiwal Monte-Karlonyň merkezinde gurnalýan ýörite sirk çadyrynda geçirilip, artistler sirk sungatynyň dürli žanrlarynda çykyş edýärler. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolupdy. Bu ajaýyp wakanyň hormatyna Arkadag şäherinde dabaraly çäreleriň geçirilendigini we «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan 3 million manat möçberinde pul sowgadynyň gowşurylandygyny bellemek gerek, Ýurdumyzyň meşhur toparynyň geçen ýyl şeýle abraýly halkara gözden geçirilişe gatnaşmagy, bu ýyl bolsa oňa toparyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçylarynyň hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy Türkmenistanda sirk sungatynda ýetilen sepgitleriň dünýäde ykrar edilýändigini alamatlandyrýar. Berkarar Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ony dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunda sungatyň dürli ugurlary bilen bir hatarda, milli sirk sungatynyň ösdürilmegine-de möhüm ähmiýet berilýär.

  Goý ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Akbäbek GULESENOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň baş hasapçysy.