Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmek, işewürlik başlangyçlaryny goldamak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Uly üstünlikler we belent maksatlar bilen badalga alan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem bu ugra aýratyn ähmiýet berilýär. 2026-njy ýylda hususy pudakdaky ösüş-özgerişler esasan sanlylaşdyrma, maýa goýum meýilnamalaryna we täze kanunçylyk binýadyna esaslanýar.
Ykdysadyýetiň hususy bölegini goldamak Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen dowam etdirilýän özgertmeleriň möhüm ugrudyr. Şunda maýa goýumlar syýasatyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ykdysadyýetiň pudaklaryndaky we durmuş ulgamyndaky özgertmeleriň rowaçlanmagy oýlanyşykly maýa goýumlar syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyzyň maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmäge, ilatyň iş bilen üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmagyň çäklerinde täze iş orunlaryny döretmäge, şäher we oba ýerlerinde ýaşaýan raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şu wezipeleri durmuşa geçirmekde hususyýetçileriň hem mynasyp paýy bardyr.
Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 23-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşyldy. Maksatnama laýyklykda, şu ýyl meýilleşdirilen maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 68,5 göterimini önümçilik maksatlaryna, 31,5 göterimi bolsa durmuş-medeni maksatlaryna gönükdiriler. Resminamada kiçi we orta telekeçiligi yzygiderli ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek we döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek aýratyn ähmiýet berilýän ugurlaryň hatarynda durýar.
Maliýe goldawy hem ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmekde möhüm gural bolup durýar. Bank ulgamynda hususy telekeçiligi goldamak üçin sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we ykdysadyýetiň hususy pudagyna berilýän karzlaryň gerimini giňeltmek meýilleşdirilýär. Ýakynda tassyklanylan Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti kemala getirmegi we telekeçilik işinde döwrebap tehnologiýalary ulanmagy maksat edinýär.
Milli kanunçylyk ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler hem ýurdumyzda hususyýetçiligi goldamak ugrundaky işlere goşant goşýar. 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanyň täze Raýat kodeksi güýje girdi. Bu resminamada hem telekeçilik şertnamalaryny we hususy eýeçilik gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmaga ýardam edýän täzeçillikler göz öňünde tutulandyr.
Ýurdumyzda telekeçilik işini ösdürmeke yzygiderli esasda geçirilýän halkara forumlara we sergilere uly orun degişlidir. Ýene sanlyja günden, has takygy 2026-njy ýylyň 10 — 12-nji fewralynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. 12-nji gezek geçiriljek bu giň gerimli forum türkmen telekeçileri üçin täze halkara hyzmatdaşlyklary ýola goýmakda, tejribeleri baýlaşdyrmakda möhüm meýdança öwrüler. Bu sergi şu ýylda ýurdumyzda geçiriljek beýleki iri işewürlik çärelerine özboluşly badalga bolar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda rowaçlyklara beslenýän 2026-njy ýylda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, şol sanda telekeçilikde hem uly ösüşleriň gazanyljakdygyny ynamly aýtmak bolar. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň döredýän giň mümkinçiliklerinden, berýän goldawlaryndan ruhlanýan türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri, amala aşyrýan iri taslamalary milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna mynasyp goşant goşýar.
Eziz Diýarymyzy dost-doganlygyň, gülläp ösüşleriň, abadan hem bagtyýar durmuşyň mekanyna öwürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys, goý Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak alyp barýan il-ýurt bähbitli işeri hemişe rowaç alsyn!
Altynaý AKMYRADOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hasabatçysy.