Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

YKDYSADY ÖSÜŞLERIŇ PAÝTAGTY

Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ösüş-özgerişlere beslenýän Watanymyzyň paýtagty Aşgabat ösen ykdysady we işewürlik ýurdumyzyň baş şäherinde milli we halkara derejesindäki maslahatlar, forumlar, sergiler yzygiderli geçirilýär. Şu günler, has takygy 20 — 23-nji ýanwar aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri boýunça Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) ykdysady forumynyň hem-de SPECA-nyň ýokary derejeli hepdeliginiň çäginde Dolandyryş geňeşiniň 20-nji mejlisiniň geçirilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Bu çäreler sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem söwda, ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin esasy meýdança bolup hyzmat edýär.

Halkara forumyň esasy mowzugy «Durnukly ösüş üçin sebitara arabaglanyşyk» bolup, onuň çäklerinde energetika, ulag we söwda arabaglanyşyklarynyň ösdürilmegi, ulag geçelgeleriniň sanlylaşdyrylmagy hem-de SPECA agza ýurtlarynyň arasynda kanunçylygyň utgaşdyrylmagy boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçiriljek bu forumyň dowamynda SPECA-nyň esasy strategik resminamalarynyň ýerine ýetirilişindäki gazanylan ösüşe, şol sanda Hazarüsti geçelgesiniň sanlylaşdyrylmagy boýunça Ýol kartasyna hem-de 2030-njy ýyla çenli ösüş Konsepsiýasyna garalar.

Ýurdumyzda geçirilýän işewürlik çärelerine türkmen telekeçiler hem işjeň gatnaşýarlar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda paýtagtymyzda guraljak iri sergileriň we maslahatlaryň hatarynda 17 — 19-njy mart aralygynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli serginiň aýratyn ornuny bellemek gerek. Sergide milli önüm öndürijileriň giň görnüşli önümleri görkeziler, azyk pudagyna degişli önümler, şol sanda et, şöhlat, guş, balyk, süýt, konditer, miwe, gök önümler, çörek önümleri we içgiler sergilener. Şeýle hem sergide ýeňil senagat, dokma we maldarçylyk önümleri, elektronika enjamlary, mebel, gurluşyk serişdeleri, çaphana we bezeg önümleri, mahabat hyzmatlary, senetçilik we zergärçilik önümleri, egin-eşik hem-de beýleki sarp ediş harytlary görkeziler.

Ýeri gelende bellesek, 2008-nji ýylyň mart aýynda esaslandyrylan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hususy pudagyň wekilleriniň 30 müňe golaýyny birleşdirýän jemgyýetçilik guramasydyr. TSTB öz agzalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, şeýle-de ýurtda telekeçiligi ösdürmäge ýardam edýär. Birleşmäniň agzalaryň milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.

2026-njy ýylyň 12 — 14-nji maýy aralygynda Aşgabat şäherinde «Agro Pack Turkmenistan 2026» atly halkara ýöriteleşdirilen sergi hem-de «Food Turkmenistan 2026» halkara sergisi geçiriler. Sergileriň çäginde azyk we içgi önümlerini öndürmek üçin niýetlenen enjamlar, gaplama maşynlary we serişdeleri, azyk önümlerini we iýmit goşundylaryny, şeýle hem çörek önümleriniň tehnologiýalary we myhmanhana-hojalyk ulgamy üçin niýetlenen döwrebap çözgütler görkeziler. Şeýle-de sergide ýyladyşhana, bagçylyk we tokaýçylyk ugurlarynda alnyp barylýan işleri, däne saklaýyş we degirmen ulgamlary, guşçulyk we maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlar, oba hojalyk önümleri, tohumlar, dökünler hem-de suwarmak ulgamlary bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Paýtagtymyzda 2026-njy ýylyň 24-25-nji maýynda «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara sergi geçiriler. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde geçiriljek sergide Türkmenistanda öndürilýän we importyň ornuny tutýan gurluşyk serişdeleri, azyk senagatyň önümleri, mebeller hem-de ilatyň sarp edýän azyk harytlary görkeziler. Çärä ýurduň hususy pudagynyň wekilleri we şol sanda oba hojalygy, senagat hem-de gurluşyk ulgamlarynyň wekilleri gatnaşarlar. 

4 — 6-njy iýun aralygynda Aşgabat şäherinde «Turkmentextile Expo 2026» halkara sergisi we maslahaty geçiriler. Bu çäre dokma senagatynyň dünýäniň öňdebaryjylaryny, önüm öndürijileri, üpjün edijileri, pudagyň hünärmenlerini bir ýere jemleýän B2B platformasy bolup, Merkezi Aziýanyň geljegi uly bazarlarynyň birinde işewürligi giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Sergi dokma önümçiligi üçin enjamlar, tebigy süýümi gaýtadan işlemek, lybaslary, aýakgaplary, hojalykda ulanylýan dokma önümleri, ätiýaçlyk şaýlary, himiki serişdeleri, boýaglary, esbaplary öndürmek hem-de döwrebap tehnologiýa çözgütleri ýaly giň ugurlary öz içine alar. «Turkmentextile Expo 2026» sergisiniň maksady Türkmenistanyň barha ösýän dokma senagatynyň kuwwatlyklaryny tanyşdyrmakdan, halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekden we dokma pudagynda işewürlik gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Foruma gatnaşyjylar iň soňky işläp taýýarlamalar bilen tanşyp, hünärmen gatnaşyklaryny ýola goýup we degişli ulgamda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşyp bilerler.

Görşümiz ýaly, 2026-njy ýylyň diňe birinji ýarymynda ýurdumyzyň baş şäherinde iri sergileriň we maslahatlaryň birnäçesi geçiriler. Olara ýurdumyzyň hususyýetçileri hem işjeň gatnaşyp, täze taslamalaryny, önümlerini, mümkinçiliklerini görkezerler. Şeýle çäreler işewürlere daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary berkitmäge mümkinçilik berýär.

Şemşat BAÝRAMGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Umumy bölüminiň müdiri.