Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BEDEW BATLY WATANYM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen bedewiniň şan-şöhraty, meşhurlygy barha dabaralanýar. 2026-njy ýylyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyran taryhy waka boldy. Bu şygarda Garaşsyzlygyň mizemez binýady, baky Bitaraplygyň dünýä derejesindäki abraýy hem-de türkmen halkynyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän beýik arzuw-myratlary jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli we umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň atşynaslyk däplerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýä ýaýmak babatda edilýän tagallalar has-da buýsandyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» döwrebap şygar ýurdumyzyň telekeçilerini hem has tutanýerli we yhlasly zähmet çekmäge, bedew batly ösüşleriň nurana ýolundan barha öňe barýan Watanymyzyň şan-şöhratyny belende götermäge ruhlandyrýar. 

       Bedew atyň belent ruhy, çaltlygy we wepalylygy bilen sazlaşýan bu şygar milli ösüş ýolumyzyň dowamlylygyny alamatlandyrýar.
Bu taryhy atlandyrma döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer we öňdengörüjilikli syýasatynyň logiki dowamy bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda telekeçilik ulgamynda gazanylan üstünlikler halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň aýdyň netijesidir. Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan syýasat bolsa ykdysady ösüşe, halkara hyzmatdaşlygyň giňemegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna berk esas bolup hyzmat edýär. Ata-babalarymyzda «At — myrat» diýen çuň manyly aýtgy bar. Bu jümlede behişdi bedewleriň türkmen halkynyň durmuşyndaky orny we sarpasy öz beýanyny jemleýär.

       Ahalteke bedewleri ähli döwürlerde hem beýik maksatlara ýetmekde ata-babalarymyzyň deňsiz-taýsyz kömekçileri bolup, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülipdir. «Türkmeniň işigi atly bolsa, töri döwletli bolar» diýýän bagtyýar türkmen halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedewiň sarpasyny has belentde tutýar, beýik we taryhy ösüşleri bedew badyna deňeýär.
     Bu şygar her bir raýatyň kalbynda Watana bolan söýgini, halal zähmete bolan höwesi has-da artdyrýar. Buýsançly öňe barýan Türkmenistan — bu diňe bir şu günüň däl, eýsem geljek nesilleriň hem bagtyýar durmuşynyň kepilidir.

      Ýurdumyzda parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi işewürlik gatnaşyklaryny, hususy telekeçiligi ösdürmekde hem oňyn mümkinçilikleri döretdi. Bu gün milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmekde, täze iş orunlaryny döretmekde hususy pudaga möhüm orun degişlidir. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler ýurdumyzda telekeçilik işini işjeňleşdirmek arkaly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem hususy pudagyň işine döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw bermek wezipelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde işewürlik diňe bir ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara hyzmatdaşlygy berkitmegiň, dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň netijeli guralyna öwrülýär. 

          Türkmen halkynyň bagtyýar, asuda, abadan ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly Watanymyz, halkymyz üçin rysgally, bereketli, düşümli ýyllaryň biri bolsun! Dünýäniň abadançylygynyň, halklaryň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna umumadamzat bähbitli işleri durmuşa geçirýän, türkmeniň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Akbäbek GULESENOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň baş hasapçysy.