2026-njy ýylyň ýurdymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyran taryhy waka boldy. Bu şygarda Garaşsyzlygyň mizemez binýady, baky Bitaraplygyň dünýä derejesindäki abraýy hem-de türkmen halkynyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän beýik arzuw-myratlary jemlenýär. Türkmen bedewiniň belent ruhy, ýyndamlygy we wepalylygy bilen sazlaşýan bu şygar milli ösüş ýolumyzyň dowamlylygyny alamatlandyrýar.
2026-njy ýylyň şygary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligini, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň, halkara derejesinde ykrar edilendigini, türkmen halkynyň belent maksatlaryny we ösüş ýolundaky ynamyny özünde jemleýär. Şygarda bedew atynyň bady türkmen halkynyň maksada okgunlydygynyň, milli buýsanjynyň, gaýratynyň we ösüş badynyň nyşany hökmünde şöhlelendirilýär. Şeýle hem ýurumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünliklerini, halkymyzyň agzybirligini, parahatçylyk söýüjiligini we geljege bolan ynamyny alamatlandyrýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýyly ykdysady, medeni we ruhy ösüşlere gönükdirilen belent maksatlaryň nyşany hökmünde halkymyzyň göwünlerinde orun tapar.
Megerem, dünýäde şundan uly bagt, şundan uly baýlyk ýok bolsa gerek. Ýurdumyzyň ykdysady, sosial, syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän ösüşler, özgerişler Gahryman Arkadagymyzyň, dowamatyny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň bagtly ykbalyny kesgitlemek barada saýlap alan taryhy ýolunyň dogrudygyny äleme äşgär etdi. Ýurdumyzda döwletimiziň kanunçylyk binýadyndan başlap, ýaşaýşyň gündelik meselelerine çenli ähli zatlar oňyn özgerýär, döwrebaplaşýar. Bu zatlaryň ählisiniň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda her ýyly mynasyp atlandyryp, şol şygar esasynda hem ýurdumyzyň asudalygyny, bedew batly ösüşini, parahatsöýüjiligini dünýä ýüzüne äşgär etmek, halkymyzyň asuda-parahat durmuşda abadan ýaşaýşyny üpjün etmek syýasaty bar.
Bedew atyň belent ruhy, ýyndamlygy we wepalygy bilen sazlaşýan bu şygar milli ösüş ýolumyzyň mynasyp dowamlylygyny aňladýar. Bu taryhy atlandyrma döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer we öňdengörüjilikli syýasatynyň mynasyp dowamy bolup hyzmat edýär.
Goý, 2026-njy ýyl Watanymyz we halkymyz üçin parahatçylygyň, rowaçlygyň, abadançylygyň we uly üstünlikleriň ýyly bolsun!
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Bahar METDIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.