Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistan döwletimiz günsaýyn ösýär, özgerýär. Ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynda uly ösüşlere eýe bolunýar. Bu bolsa, bizi diýseň buýsandyrýar, begendirýär. Çünki Türkmenistan döwletimizi şu günki gün Ýer ýüzi tanaýar. Türkmen halkynyň at-abraýy gün-günden arşa göterilýär.
Ata Watanymyzda gazanylan her bir belent sepgitleriň gözbaşynda döwlet Baştutanymyzyň goldaw-hemaýatlary, döwrüň badyna tizlik berýän başlangyçlary, jöwher parasady durandyr. Olaryň özen-sütüniniň watansöýüjilikden hem ynsanperwerlikden gözbaş alýandygyny halkymyz her bir ädimde görüp, duýup, bu belent hakykatdan ruhy güýç alyp ýaşaýar. Bu ruhubelentlik syýasy, ykdysady, medeni-durmuş ulgamlarynda gazanylýan taryhy ýeňişlere-de egsilmez güýç bolup goşulýar.
Taryha altyn harplar bilen ýazylan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Geçen ýylda dünýä döwletleridir, iri halkara guramalary bilen dürli görnüşdäki duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň geçirilmegi, olaryň jemleri boýunça ylalaşyklaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň ösüşine uly goşant bolýar. Aýratyn-da, bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösmegi ugrunda gazanylýan ylalaşyklar geljekde ýaşlaryň has sowatly bolmagyna uly itergi berer. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, işjeň hyzmatdaşlyklaryň has-da pugtalandyrylýandygyny äşgär edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň hem geçirilmeginde uly many-mazmun bar.
Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly döwrümiziň ýene bir ajaýyp ýylyna gadam basdyk. Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri hem daşary syýasaty bilen şöhratlanýar. 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagynda hem uly many bar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bu biziň ata Watanymyz. Bedew bolsa türkmeniň uçar ganaty.
Halkymyzda bedew ata uly sarpa goýulýar. Türkmen halky geçmişde öz durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirmändir. Kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan bedewler türkmeniň uçar ganaty hasaplanypdyr. Behişdi bedewler diýlip atlandyrylmagy hem ýöne ýere däldir. Ýyndam, owadan, eýesine wepaly, gaýduwsyz, gyz gylykly, ynsan kimin garaýyşly ahalteke bedewleri türkmenler wepaly dosty hasaplapdyrlar. Halkymyz gyz-gelinleri altyn-kümüş bezegler bilen bezeýşi ýaly, mukaddeslik derejesine ýetiren bedewlerini hem şaý-sepler bilen bezäp besläpdirler. Taryha ser salanyňda uçar ganatly bedewler öz eýesini söweşde howp-hatardan gorapdyr. Toý gününde syrdaşy, gamly günde gardaşy bolan bedewler türkmen halkynyň gaýtalanmajak sungatydyr. Halkymyz şatlykly gününde dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr, ýurduň üstüne howp abananda hem özüniň bedew atyna atlanyp, darkaş gurapdyr.
Nesilbaşymyz Oguz han Türkmen bir gün ogullaryny ýanyna çagyryp: “Ogullarym, nesillere hemişe üç zady – Watany, ata-enäni we bedew atlary aýamagy sargyt ediň!” diýipdir.
Halkymyzda “At rysky alnynda” diýilýär. Rowaýatda aýdylyşyna görä, Perwerdigär türkmene bedew aty ýollaýar. Türkmen bu sarç atyň üstüne atlananda bedew çarpaýa galýar. Şonda Beýik Biribar: „Seniň rysgalyň atyňda bolar. Ony harlamasaň, ryskyň alnyňdadyr!” diýipdir.
Hakykatdan-da, türkmen halky bedew aty bilen dünýäni haýrana goýýar. Bedewi özüne wepaly dost hökmünde görýän türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bedew bady bilen öňe sary gadam basýar. Üstümizdäki 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylan ajaýyp ýylymyzda hem uly ösüşlere, belent sepgitlere ýetiljekdigi ikuçsyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň gülläp ösjekdigi, at-abraýynyň belende galjakdygy şübhesizdir.
Gözel GURBANOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň esasy hünärmeni..