Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

ŞANLY ÝYLLARYŇ BEDEW BATLY ÖSÜŞLERI

Baky bagta eýe bolan berkarar döwletimiz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly ýyllarynyň biri bolan 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly» diýlip yglan edilip, ýylymyzyň şygary öz baý many-mazmuny bilen halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýy bilen şöhratlanjak 2026-njy ýyl gündogar müçenamasy boýunça ýylky, bedew ýylydyr. Halkymyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler bedew badyna deňelýär. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen behişdi bedewlerimize döwlet derejesinde belent sarpa goýulýar. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenip geçilýär. Milli Liderimiziň ajaýyp eserlerinde behişdi bedewlerimiz hakynda täsirli maglumatlar beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly ajaýyp eserleri behişdi bedewlerimiziň waspyny belentden ýetirmekde, olaryň tohum arassalygyna we gelip çykyşyny öwrenmekde gymmatly gollanmadyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Bedew», «Rowaç» ýaly goşgularynda behişdi bedewlerimiziň waspy belentden ýetirilýär. «Bedew» goşgusynda:

  • Pasly-bahar güle çümen çaglary,
  • Bark uranda sähra-düzi, daglary,
  • Göwün at üstünde ganat baglady,
  • Seýle çykyp alys ýollara bedew!

 – diýen joşgunly setirler at üstünde ganat baglaýan göwünleriň buýsanjy bolup ýaňlanýar. «Waspy dillerde sena bolan bedewleriň» tarypy Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik eserlerinde has-da täsirli beýan edilýär. Alym Arkadagymyzyň «Rowaç» goşgusynda hem behişdi bedewlerimiziň wapsy belent ýetirilýär. 

  • Säher öwsen ýeller deýin,
  • Ýaz açylan güller deýin.
  • Joş uran köňüller deýin,
  • Sen ylham derýasy Rowaç!

Bu joşgunly setirlerde beýan edilişi ýaly behişdi bedewler ylham derýasy, köňül joşguny. Behişdi bedewlerimiziň ynsan gylykly häsiýetleri milli ýörelgelerimiz bilen utgaşyp, täze taryhy eýýamda has-da rowaçlanýar. Milli Liderimiziň döwlet derejesinde berýän hemaýat-goldawlary bilen bu günki bedewler milli gymmatlyklarymyz hökmünde sarpalanýar. 

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda behişdi bedewlerimize döwlet derejesinde edilýän alada has-da ýokarlandy. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen ajaýyp şygara beslenen geçen ýylyň ilkinji günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monta-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji sirk festiwalynda altyn baýraga mynasyp bolmagy has-da guwandyryjydyr. Bilşimiz ýaly, bu döredijilik topary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredildi. Toparyň işine ussat agzalary tarapyndan türkmen bedewiniň täsin hem-de täsirli häsiýetleri äleme giňden ýaýyldy. Bu topar dünýäniň 4 gezek çempiony bolup, türkmen sirk sungatynyň täze galkynyşyny getirdiler. Milli at üstündäki oýunlar halkymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip, sungat derejesine ýetiren milli gymmatlygydyr. Bu işleriň täze taryhy eýýamda has-da rowaçlanmagy her birimizi diýseň begendirýär, buýsandyrýar. 

Ruhy galkynyşyň bu günki gün zähmet galkynyşy bilen mynasyp utgaşmagy ata Watanymyzyň bedew bady bilen ynamly öňe gitmegini şertlendirýär. Bedew ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň hem giňden belleniljekdigi bolsa bagtyýar ildeşlerimiziň kalbynda çäksiz buýsanjy döredýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan ösüşleriň, ýetilen belent sepgitleriň bedew bady bilen baglanyşydyrylmagynda halkymyzyň milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirýändiginiň alamatlaryny görmek bolýar. Bu işleriň gözbaşynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik taglymatynyň durandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu günki gün türkmen topragy galkynyşyň bedew bady bilen şanly ýyllara we toýlara barýar. Munuň özi halkymyzyň Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize bolan alkyşlaryny has-da artdyrýar. Göwünlere ganat, ýyllarymyza zynat bagyşlaýan ajaýyp pursatlarda ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.