Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakalarynyň, şöhratly ýeňişleriniň dowamyny getirjek, halkymyzy maksat-myradyna ýetirjek ýene-de bir şanly ýyl, ýagny “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly döwletimize gadam basdy. Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary esasynda 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi bolsa, halkymyzyň, jemgyýetimiziň bedew atlar bilen bagly garaýyşlaryny, ynamyny, bedew batly ýurdumyzyň ösüşleriniň dowamat-dowam bolmagy baradaky arzuw-umytlaryny alamatlandyrýar. Türkmençilikde: “Bedew at döwlet getirer, maksat-myrada ýetirer” diýen aýtgy halkymyzyň bedew at bilen bagly pikir-pelsepesiniň öz ýaşaýyş-durmuşyndan üzňe däldigini aňladýar. Aslynda, adamyň bir zada bolan ynamy, garaýşy onuň durmuşyny dowam etdirmekdäki iň esasy serişdesi, gowulyga tarap ymtylyşy bolup hyzmat edýär. Biziň ýurdumyzda bu ýörelgäniň umumy jemgyýetçilik häsiýetine eýe bolmagy hem hut şu hakykat bilen bagly bolup durýar.
Diňe bir geçen ýylyň şygary esasynda alnyp barlan işlere ser salanymyzda hem, bu hakykat özüni öňe çykarýar. Ýagny 2025-nji ýyl biziň ýurdumyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýen şygara esaslandy. Hatda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda bu şygar halkara derejede ykrar edilip, umumy ynsanyýet häsiýetine eýe boldy. Umumadamzat jemgyýetçiliginde parahatçylygy saklamak, howpsuz ýaşaýşy üpjün etmek, birek-birege ynanmak, durnukly ösüşi gazanmak maksadyna gönükdirilen işler geçen ýyldaky amala aşyrylan işleriň, göz öňüne tutulan maksatlaryň esasy özenini düzdi, esasy gözükdiriji wezipesi boldy. Halkara derejede geçirilen forumlar, hem maslahatlar parahatçylyk arkaly ösüşi gazanmak, dost-doganlygy berkitmek, ýaly maksatlara gönükdirilip, adamzadyň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmekde döwletleriň, halklaryň mümkinçiliklerini, tagallalaryny birleşdirmek ýaly syýasy hereketleri ilerletmek ýörelgesini öňe sürdi. Hut şeýle syýasy gurşawda Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlarynyň, teklipleriniň goldanylmagy, hem-de biziň ýurdumyzyň aýratyn işjeňlik görkezmegi biziň milli ýörelgelerimize esaslanýan daşary syýasat ugrumyza, bitaraplyk hukuk derejämize goýulýan hormat, bildirilýän belent ynam diýip biz uly buýsanç bilen aýdyp bilýäs. 2025-nji ýylda biziň ýurdumyz ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, halkara ykdysady, söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek, dünýä döwletleri bilen medeniýet, ylym-bilim, sport ulgamlarynda gatnaşyklary berkitmek, parlamentara gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek, mazmunyny baýlaşdyrmak boýunça birnäçe işler durmuşa geçirildi.
Türkmenistan döwletimiz, şeýle-de “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy döwletli tutumlaryň başlanan, halkara toýlaryň toýlanan künjegine öwrüldi, adamzat bähbitli çözgütleriň kabul edilen meýdançasy boldy. Ýagny türkmen Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň toýlanan ýylynda BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň gabat gelmegi, biziň döwletimiz tarapyndan birnäçe teklipleriň öňe sürlüp, Kararnamalar bilen kabul edilmegi geçen ýylymyzyň şöhratly wakalarynyň hatarynda buýsanç bilen ýatlanylýar, halkymyza gelip gowşan hoş habarlar bolsa jemgyýetimiziň ruhy galkynyşyna öwrülýär. Ýagny şu ýerde agzap geçsek, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň üçünji gezek ykrar edilmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 28-nji plenar mejlisinde “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnamanyň, şeýle-de şol ýubileý sessiýanyň 64-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygy”, şeýle-de “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi, Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilmegi, halkymyz üçin uly buýsanç, uly mertebedir.
2025-nji ýylda Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyp ulanylmaga berilmegi, bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmegi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümçilik toplumlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda, milli bilim ulgamyna halkara tejribeleriň ornaşdyrylmagynda nobatdaky möhüm ädim boldy.Döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýurdumyzda hususy ulgamy höweslendirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ugrunda uly işler amala aşyryldy. Bu bolsa ýurdumyzyň telekeçilerini öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Ajaýyp zamanamyzda telekeçilige aýratyn üns berilmegi ýurduň eksport mümkinçiligini we gaýtadan işleýän senagatyň ygtybarlylygyny artdyrýar. Döwletiň durnukly ykdysady-durmuş ösüşi gönüden-göni kiçi we orta telekeçiligiň işjeňligine bagly bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzda hususy işewürlik ösdürilýär, telekeçilik bilen meşgullanýan raýatlary goldamak üçin amatly şertler döredilýär. Döwlet tarapyndan hususyýetçilere edilýän goldawlart özüniň oňyn netijesini hem berýär. Bu günki gün özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan hususy telekeçilerimiz ýurdumyzyň ähli ugurlarynda alnyp barylýan işlere mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Aslynda-da, döwlet gurmagyň, ony dolandyrmagyň, jemgyýeti agzybirlikde saklamagyň kämil mekdebini esaslandyryp, nusgalyk häsiýete getirmegi başaran halkymyzyň millilige ýugrulan ýörelgeleri, durmuş kadasy, müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren gymmatlyklary, milli we ruhy mirasy dünýäde uly gyzyklanma, beýik söýgi-sarpa mynasyp. Birnäçe gymmatlyklarymyzyň hatarynda “Ahalteke atçylyk sungatynyň, atlary bezemek däpleriniň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi baradaky buýsançly gürrüňler üstümizdäki şöhratly ýylymyzda ediljek söhbetlerimiziň esasy özenine öwrüler. Sebäbi bedew atlar türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegi, milletimiziň ynamdar ýoldaşy, türkmen maşgalasynyň döwletliligi, jemgyýetimiziň ruhy güýji hasaplanylýar. 2026-njy ýyl bolsa Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly. “At-myrat” diýlişi ýaly, halkymyzyň teklibi esasynda kabul edilen 2026-njy ýylymyzyň buýsançly şygary ähli halkymyzy maksat-myratlaryna ýetirer. “At agynan ýerde toý bolar” diýlişi ýaly, bu ýyl toý-baýrama baý ýyllaryň biri bolar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy şöhratlandyrmak, özbaşdaklygymyzyň şanly 35 ýyllygyny dabaralandyrmak, Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikleri, bedew bady bilen ösüşleriň belentligine tarap ynamly gadam urýan berkarar Diýarymyzyň beýik ýeňişlerini wagyz etmek, dünýäniň gymmatlygy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de beýgeltmek maksatly toýdur-dabaralar, halkara çäreler halkymyzyň eşretli ýaşaýyş-durmuşynyň beýany bolup, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” şygary bilen geçjek 2026-njy ýylyň ähmiýetini, gymmatyny hasam artdyrar.Halkymyzyň ruhy mirasyny sarpalap, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýýan, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny beýgeltjek döwletli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan täze tutumlary ugruna bolsun!
Tuwakgylyç WELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.