Garaşsyzlyk bilen galkynan hemişelik Bitarap Watanymyz gülläp ösüşleriň ýurdunda bedew bady bilen okgunly öňe barýar. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen buýsançly şygarynda hem bu hakykat aýdyň şöhlelenýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere ykdysadyýetiň hususy pudagynyň wekilleri hem mynasyp goşant goşýar.
Geçen taryhy ýylda eziz Watanymyz gurmagyň hem döretmegiň ýolunda ynamly ilerläp, halkara giňişlikde parahatçylygy, ynanyşmagy, hoşniýetli hyzmatdaşlygy berkitmäge uly goşant goşdy. Halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň çar ýanynda önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň ençemesi gurlup ulanmaga berildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda köp sanly ýaşaýyş jaýlary, bilim ojaklary, saglygy goraýyş merkezleri, önümçilik toplumlary, şol sanda Bäherden etrabynda keramiki önümleri öndürýän kärhana, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň goşmaça döwrebap okuw binalar toplumy, Balkan welaýatynda Halkara howa menzili, Aşgabadyň demirgazygyndaky senagat zolagynda çüýşe önümlerini öndürmäge niýetlenen täze önümhana, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Döwletli mekan obasy, Kaka etrabynda Bagtly zamana obasy, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda döwrebap Bitaraplyk şäherçesi dabaraly ýagdaýda açyldy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda türkmen işewürleriniň täze neslini, ykdysady galkynyşymyzyň kuwwatyny artdyrjak hünärmenleri taýýarlajak döwrebap bilim ojagynyň — Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyp ulanmaga berilmegi hususy pudagyň wekilleriniň başyny göge ýetiren waka boldy. Diýarymyzy ählitaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen desgalaryň aglabasynyň ýerli gurluşykçylar, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan bina edilendigi buýsandyryjy ýagdaýdyr.
Şanly ýylda alnyp barlan toplumlaýyn özgertmeler, amala aşyrylan asylly işler ýurdumyzyň telekeçilerini täze üstünliklere ruhlandyrdy. 2025-nji ýylda telekeçilerimiz hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara amala aşyran ýokary derejeli saparlaryna, köp sanly iri forumlara gatnaşyp, dostlukly döwletleriň işewür düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň täze sahypalaryny açdylar.
Ýetilen sepgitlerden ruhlanýan halkymyz 2026-njy ýylda täze üstünliklere, tarap gadam goýdy. Ýylyň şygarynda döwletliligimiziň goşa ganaty bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewler bilen bilelikde orun almagy asylly maksatlarymyzyň myrada ýetjekdigini alamatlandyrýar. Şu günler hususy pudaga degişli edara-kärhanalarda geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynda hem gadam basylan ýylyň şygarynyň çuňňur many-mazmuny, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýulýan maksatlar barada giňişleýin pikir alşylýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulanmagyna gönükdirilen giň gerimli işler, milli we halkara derejeli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2026-njy ýylda «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrynyň düýbüniň tutulmagy, şeýle-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda döwrebap, köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň hem-de Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasy ýaly iri taslamalaryň tamamlanmagy meýilleşdirilýär. Bulardan başga-da, ýurdumyz halkara derejeli syýasy forumlaryň, ykdysady we işewürlik sergileriniňdir maslahatlarynyň ençemesini geçirmäge taýýarlyk görýär.
Nesip bolsa, ýurdumyzyň sazlaşykly ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýän telekeçiler hem bu çärelere işjeň gatnaşyp, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň giňden belleniljek ýylynyň rowaçlyklara beslenmegine mynasyp goşant goşarlar.
Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.