Täze ýyl baýramçylygy örän üýtgeşik, ajaýyp baýramçylyk. Sebäbi, Täze ýyl ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, olary uly-uly umytlara, owadan arzuwlara besleýär.
Täze — 2026-njy ýyl müçenama boýunça At ýyly hasaplanylýar. Täzeliklere baý bolup, ýylyň eýesine görä parasatlylyga, tut ýaly sagdynlyga, çeýelige, egsilmez güýç- kuwwata, bereketlilige we çäksiz bolçulyga eýe bolup, şatlyk paýlap gelýän At ýyly ähli adamzada düşümli ýyllaryň biri bolsun!
Täze ýyl maşgala baýramçylygy bolup, täze başlangyçlaryň ýagşy-umyt arzuwlaryň açarydyr. Täze ýyl baýramçylygy her bir türkmen saçagynda uludan tutulyp, şüweleňli garşylanýar. Ol çagajyklaryň arzuw edip 365 gün garaşýan ajaýyp günüdir
Mälim bolşy ýaly, her Täze ýyl özboluşly garşy alynýar. Çünki, Täze ýyl täze maksatlaryň, arzuwlaryň wysal bolýan ýyly bolup, onuň garşylanyşy hakynda ençeme rowaýatlar, däp-dessurlar, ynançlar döräpdir. Elbetde, şeýle ynançlaryň, däp-dessurlaryň döremeginiň aňyrsynda Täze ýyly saglyk bilen agzybirlikde, bagtyýarlykda garşylamak ýaly ýagşy niýetler ýatyr.
Täze ýylda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bedew batly depgin bilen öňe gitmegi, dünýä döwletleri bilen dost-doganlygyň mundan buýana hem has pugtalandyryljakdygynyň nyşany bolar. At ýyly ýurdumyzyň ykdysady ösüşleriniň çarpaýa galýan, rysgal-berekediň, bol hasyllylygyň ýyly bolar diýlip, garaşylýar. At ýyly milletimiziň gadymdan gelýän ynanç-yrymlaryna görä, adamlar üçin iň haýyrly we hoşniýetli ýyl diýlip hasap edilýär. Ol ähli ugurlarda at çalasynlygy bilen özüni oňat taraplardan görkezmegi başarýar.
Bu ýylda bilim-sowatlylygyňy artdyrmak, öý-içeride abadanlaşdyryş işlerini geçirmek, hususyýetçilige baş goşmak, dostluk aragatnaşyklaryny açmak ýaly meseleler hem oňuna çözüler diýlip arzuw edilýär.
Bu ýyl doguljak çagalar hem berk bedenli, mert, edermen, duýgur häsiýetli, adamlar bolup ýetişerler.
At akylly, ýyndam, çakgan, duýgur, adamyň iň ýakyn dosty, hoşniýetli, asuda. jandardyr. .Täze ýyl saçagy hem bedewlere laýyk, atyň halaýan süýtli, ýumurtgaly, käşirli, gantly, kişmişli milli tagamlar dürli görnüşli naharlar, işdäaçarlar bilen bezelse has gowy bolar. Täze ýyl güni geýiljek lybaslar hem altynsow reňkde bolsa, ýylyň eýesiniň göwnünden tursa gerek.
Bu ýylda doglanlar salyhatly hem-de şadyýan adamlardyr. Olar elmydama ynamly hereket edýärler.
Bize asuda, parahat durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Täze ýyl saglykly, düşümli, rysgal-döwletli, ösüşleriň çarpaýa galýan ýyly bolsun! Gadamlarymyz batly, ýollarymyz ýagty bolsun!
Gülälek ALLAKULYÝEWA Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.