Hemmelere bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilen Täze ýyl hem ýetip geldi. Şu pursatlarda ýurdumyzyň ýene bir geçen döwrüniň jemleri jemlenip, geljek üçin anyk meýilnamalar düzülýär. Tutuş Diýarymyz baýramçylyk keşbine girdi, Watanymyzyň her bir künjeginde ýokary ruhubelentlik gurşap aldy. Munuň özi döwletlilikden nyşandyr.
Täze ýyl iň şatlykly, şagalaňly baýramçylyklaryň biridir. Şu günler bu baýramçylyga taýýarlyk işleri her bir öý-ojagy gurşap aldy diýsek dogry bolar. Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamak ýürekleri joşa getirip, ruhubelentlik döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet derejesinde edýän giň gerimli aladalary netijesinde binagärlik gözelligi has-da artýan obalarymyzda, şäherçelerimizde, şäherlerimizde oturdylan Täze ýyl arçalarynyň dürli öwüşginler bilen ýalkym saçmagy göwünleri galkyndyrýar. Täze ýyl baýramynda toý desterhanyny dürli nygmatlar bilen bezemek halkymyzda asylly ýörelgedir. Adamlaryň Täze ýyly mynasyp garşylamaklary üçin welaýatymyzda hem zerur taýýarlyklaryň görlendigini söwda bazarlarydyr dükanlardaky haryt bolçulygy doly tassyklaýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamagyny hem-de göwnejaý toýlamagyny üpjün etmekdäki tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde ähli tagallalaryň edilýändiginiň subutnamasydyr.
Welaýatymyzyň merkezi Balkanabat şäherindäki bazarlardyr döwrebap söwda merkezlerinde ýola goýlan söwda hyzmatlary baýramçylyk ruhuňy belende göterýär. Söwda merkezleriniň dürli yşyklar bilen şugla saçmaklary, dürli önümler ýerleşdirilen tekjeleriň baýramçylyk bezegi, harytlaryň elýeterliligi alyjylaryň göwünlerini galkyndyryp, olara egsilmez şatlyk paýlaýar. Täze ýyl baýramçylygyna uly taýýarlyk görýän bagtyýar raýatlaryň ýokary isleglerinden peýdalanýan azyk önümleriniň we senagat harytlarynyň agramly böleginiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda öndürilendigini nygtamak aýratyn ýakymlydyr. Şeýle islegli harytlaryň öndürilmeginde türkmen işewürleriniň hyzmaty bellenilmäge mynasypdyr. Türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýän dürli harytlaryň daşarky bazarlardan getirilýän önümler bilen hil taýdan bäsleşmäge ukyplydygy hususy pudagy ösdürmekde döwletimiz tarapyndan edilýän giň gerimli aladalaryň netijesidir. Telekeçilerimiz tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän gök we bakja önümleri, miweler alyjylaryň ýokary isleg bildirýän önümleridir. Döwrebap sowadyjylarda saklanylýan, şeýle-de ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän oba hojalyk önümleri baýramçylyk saçagynyň berekedini artdyrýar. Hususy ulgama degişli bolan maldarçylyk hem-de guşçulyk toplumlarynyň önümleri hem islegli önümleriň hatarynda mynasyp orun eýeleýär.
Bütin dünýäde adamzadyň ýagşy umytlar, nurana arzuwlar bilen söýüp garşylaýan Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bagtyýar maşgalalaryň bereketli ojaklarynda agzybirligiň, bagtyýarlygyň aýdyň nyşanyna öwrülip, şatlyk-şowhuna beslenýär. Ýakymly ýatlamalara baý baýramçylyk ynsan kalbyny şatlykdan dolduryp, adamlara ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berýär.
Şu günler ýudumyz has-da gözel görnüşe girip, baýramçylyk öwüşgünleri bilen görenleri haýrana goýýar. Her bir täze gün döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň dabaralanýandygynyň, Türkmenistanyň ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly özüniň rysgal-berekedi bilen halkymyzy guwandyrdy. Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ähli ugurlarda üstünlige beslenen 2025-nji ýyl her bir adamyň kalbyna buýsanç, ýüregine mähremlik çaýdy. 2026-njy ýyl türkmen halkymyza rysgal-bereket, bagtyýarlyk getirsin!
Döwletli döwranymyzyň, baky bagtyýarlygymyzyň baş sakasynda durýan hem-de telekeçilerimiz barada, halkymyz hakynda ägirt uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent tutumly işleri hem elmydama rowaç bolsun!
Gülsoltan ALLAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.