Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

  • ВОСТРЕБОВАННАЯ И КАЧЕСТВЕННАЯ ПРОДУКЦИЯ

    На...

  • TÄZE ÝYL TÜRKMEN HALKYMYZA RYSGAL-BEREKET, BAGTYÝARLYK GETIRSIN!

       ...

  • ÝYLLAR ÝYLLARDAN ZYÝADA

    Hal...

  • TÄZE ÝYL – PÄK ARZUWLARYŇ BAÝRAMY

       ...

  • ROWAÇLYGYŇ AÝDYŇ ÝOLUNDA

    2025-nji ýyl...

  • Dowamy

ÝYLLAR ÝYLLARDAN ZYÝADA

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Balkan welaýaty dünýä derejeli forumlaryň üstünlikli geçirilen ýerine öwrüldi. Awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň, 10-njy dekabrda bolsa Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzyň abraýyny has-da belende göterdi.

Tamamlanyp barýan ýylda Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy, Balkanabat Halkara howa menziliniň Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze, döwrebap awtomobil köprüsiniň we beýleki durmuş-senagat desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi, Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň durkunyň täzelenmegi, şeýle hem welaýatyň edermen daýhanlarynyň döwlet borçnamalaryny üstünlikli berjaý edip, galla we pagta hasylyny ilkinji bolup Watan harmanyna tabşyrmagy örän guwandyryjy wakalar hökmünde hakydada galdy.

Il-ýurt bähbitli işlerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we partiýasynyň işjeň agzalarynyň hem mynasyp goşandy bar. Şu ýyl ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, ykdysadyýetde hususy ulgamyň paýyny artdyrmak ugrunda köpugurly işler durmuşa geçirildi. Telekeçileri goldamak, hususyýetçilere döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikleri wagyz etmek boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy yzygiderli işleri alyp bardy. Welaýatyň öňdebaryjy işewürleriniň hatarynda oba hojalygynda, azyk senagatynda, gurluşykda, söwda hem-de hyzmatlar pudagynda öňe saýlanýan telekeçiler bar.

Täze ýylyň öňüsyrasynda Bereket etrabynda «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň gök önüm ösdürip ýetişdirýän döwrebap ýyladyşhanasynyň açylmagy etrabyň ilaty üçin ajaýyp sowgat boldy. Şeýle üstünlikler beýik Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýuna ynamly gadamlar bilen barýan Bitarap Türkmenistanyň parahat, okgunly, ynamly ösüş ýolunyň miweleridir.

Gahryman Arkadagymyzyň Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara çäreleriň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli halkymyza ýollan Gutlagynda: «Geljek ýyl Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýylydyr. Biziň bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr, gymmatly baýlygydyr, beýik ösüşlerimiziň nyşanydyr. Şoňa görä-de, ýetip gelýän bedew ýyly düşümli bolsun!» diýen sözleri toý şatlygymyzy has-da artdyrýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen buýsançly sözleri şygar edinen täze ýylda ata Watanymyzyň bedew bady dowamat-dowam bolsun! «At agynan ýerde toý bolar» diýlişi ýaly, geljek ýylda hem toýlarymyz toýa ulaşsyn! Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we ähli halkymyzy ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Toýmämmet HAJYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.