Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

  • ВОСТРЕБОВАННАЯ И КАЧЕСТВЕННАЯ ПРОДУКЦИЯ

    На...

  • TÄZE ÝYL TÜRKMEN HALKYMYZA RYSGAL-BEREKET, BAGTYÝARLYK GETIRSIN!

       ...

  • ÝYLLAR ÝYLLARDAN ZYÝADA

    Hal...

  • TÄZE ÝYL – PÄK ARZUWLARYŇ BAÝRAMY

       ...

  • ROWAÇLYGYŇ AÝDYŇ ÝOLUNDA

    2025-nji ýyl...

  • Dowamy

TÄZE ÝYL – PÄK ARZUWLARYŇ BAÝRAMY

    Bu gün dünýäniň ähli halklary we döwletleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň kuwwatly döwletdigini ykrar edýär. Milli buýsanjymyz, gözümiziň görejine deňelýän ýaşyl Tugumyz dünýäniň depesinde parlaýar. Garaşsyz Türkmenistan ähli ugurlar boýunça durnukly ösýär.

        Bagtyýarlyk nurundan, berkararlyk ýalkymyndan, erkanalyk mukamyndan nurlanýan eziz Diýarymyzda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, himiýa, nebitgaz, ýangyç energetika, dokma, söwda, medeniýet, ylym-bilim we beýleki ulgamlary uly ösüşlere eýe bolýar. Geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzyň ähli künjekleri abadanlaşdyrylyp, durmuş-ykdysady taýdan kuwwatly görnüşe getirildi.  Dürli güllere beslenip, iň owadan bezenen toý lybaslaryny geýinen ýaly gözel ilime ajaýyp toýumyz ýetip gelýär. Täze ýyl baýramy toý-dabaralary ýakynlaşdygyça gözel ýurdumyza buýsanjymyz has-da artýar. Taryh üçin sähelçe bolan şu ýyllar içinde asyrlara barabar üstünlikli ýollary geçen gözel ilimizi taryp etmäge söz gerek. Ata Watanymyzda şanly seneler, goşa-goşadan gelýän toýdur baýramlarymyz ýokary guramaçylykly ýagdaýda, uly şatlyk hem şowhun bilen bellenilip geçilýär. Şeýle baýramlaryň hatarynda päk arzuwlary, ýagşy umyt-arzuwlary dabaralandyrýan Täze ýyl baýramy hem özboluşly täsirliligi bilen tapawutlanýar. Mähriban halkymyz belent ösüşleri, rowaçly menzilleri nazarlap gelýän Täze – 2026-njy ýyly ýokary ruhubelentlikde, zähmet üstünlikleri, beýik ýeňişler bilen garşylanýar. Bu babatda ýurdumyzyň söwda merkezlerinde, ak bazarlarynda sowgatlyk harytlarynyň, azyk önümleriniň bolçulygy üpjün edilip, halk köpçüligine ýokary hilli baýramçylyk hyzmatlary ýola goýulýar. Ýurdumyzyň telekeçileri diňe bir halkymyza ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleri hödürlemän, ýüzlerçe täze iş orunlaryny hem döredip, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligine hem goşant goşýarlar. Türkmen telekeçileriniň ösdürip ýetişdiren ekologiýa taýdan arassa, azyk önümleri diňe halkymyzyň däl, eýsem, doganlyk halklaryň hem ak bazarlaryna, mukaddes baýramçylyk saçaklaryna bereket bolup dolýar. 

      Bagtyýar halkymyz ýene-de sanlyja günlerden şan-şöhratly wakalary özünde jemlän, şatlyga we buýsanja beslenen 2025-nji ýyly arka atar. Türkmenistan ýurdumyzyň her bir ýyly ýaly, agzybir halkymyza ýatdan çykmajak bagtly pursatlary bagyş eden bu ýyl hem taryhyň sahypasynda mynasyp orun tutar, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly ýatdan çykmajak şanly we taryhy wakalaryň ençemesini ýatlamaga, many-mazmuna baý sahypalary, möhüm sepgitli menzilleri ýadygär goýdy. Täze ýylda hem milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň barha kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, telekeçilik ulgamynyň hem ýaýylmagyna, ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmegine goşant bolan başlangyçlar diýseň köp boldy. Täze ýyl baýramy biziň ählimize egsilmez şatlyk duýgularyny paýlap, özboluşly däpleri, şagalaňy bilen gurşap alýar. Uly-kiçi ähli adamlaryň biri-birine ýurt parahatçylygyny, abatlygyny, il agzybirligini, ýagşy niýetleri arzuw etmegi, birek-birege baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmagy bu baýramyň ähmiýetini artdyrýar. Ruhubelent halkymyzyň, şadyýan çagalarymyzyň, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýüzlerindäki begenç hem guwanç duýgulary, olaryň abadan durmuşymyzy wasp edýän joşgunly aýdymdyr tanslary ýurdumyzyň asudalygyndan, ähli ynsanlaryň Täze ýyly şatlyk-şowhunly garşylaýandygyndan habar berýär. Belent rowaçlyklara beslenjek Täze – 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylda okgunly ösüşleri maksat edinip, öňe batly gadam urýan eziz Watanymyza beýik işler, uly ýeňişler, şanly wakalar hemra bolsun. Ak arzuwlara beslenip geljek Täze ýyl her bir ynsanyň umyt-arzuwlaryny hasyl eýlesin, maşgala ojaklarymyz rysgal-döwletli bolsun!

     Sanlyja ýylyň içinde ýetilen sepgitler, mähriban Watanymyza, beýik üstünliklere guwanyp hem buýsanyp ýaşamaga ruhlandyrýar. Mähriban halkymyzyň, abadan hem eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän Halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Akbäbek GULESENOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň baş hasapçysy.