Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

AJAÝYP ESERIŇ ŞUGLASY

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy il-halkymyzyň şatlygyny goşalandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby üç dilde neşir edilip, 9 bölümden ybaratdyr. Kitapda türkmen Bitaraplygynyň 30 ýyllyk taryhy döwri, bu döwürde gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler barada giňişleýin gürrüň berilýär. 

Gymmaty egsilmejek ajaýyp eser hemişelik Bitaraplygyň taryhy ähmiýetine çuňňur düşünmäge ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp eserinde: «Bitaraplyk biziň doktrinamyzdyr, ol tutuş dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çagyrýar, ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrýar. Bu günki gün Bitaraplygyň türkmen nusgasyna netijeli halkara hyzmatdaşlygyň, bar bolan meselelerdir gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly, gepleşikler stolunyň başynda kadalaşdyrmaga we çözmäge oňyn täsir etmegiň guraly hökmünde garalýar» diýip bellemek bilen, türkmen Bitaraplygynyň häzirki zaman ähmiýetini açyp görkezýär.  Hormatly Prezidentimiziň Halkara Bitaraplyk gününe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara forumda hem türkmen Bitaraplygynyň taryhy ähmiýetini nygtamak bilen, Parahatçylyk we Bitaraplyk uniwersitetini döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Munuň özi türkmen Bitaraplygynyň nazary we amaly taraplaryny halkara derejede ýaýratmak we öwretmek maksadyndan ugur alýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen «Dialog –parahatçylygyň kepili» ýörelgesi halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde aýratyn uly orna eýe bolup durýar. Bu beýik filosofiýanyň ähmiýeti baradaky pikirler hormatly Prezidentimiziň täze eserinde çuňňur beýan edilýär. Kitapda: «Iki asyryň sepgidindäki wakalar dünýä jemgyýetçiligine täze bir mahmal öwüşgin hem-de ruhy öwüşgin getirdi. Halklar türkmenleri täzeden tanap başladylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz türkmen Bitaraplygynyň taryhy köklerinden söz açyp, onuň milli häsiýetlerimizden kemala gelen gymmatlykdygyny, halkymyzyň asyrlar boýy hemişe şol asylly ýörelgä ygrarly bolup gelendigini jahana ýaýdy» diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Milli Liderimiziň türkmen Bitaraplygynyň taryhy köklerini pugtalandyrmakda we dünýä wagyz etmekde bitiren ägirt uly işlerini buýsanç bilen belläp geçýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistan daşary syýasat strategiýasynda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesinden ugur alýar. Şunda paýtagtymyzda şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň halkara forumynyň Aşgabat Jarnamasynda hem bular barada jikme-jik bellenip geçilýär. Jarnamada Bitaraplygyň dostlary toparynyň, Halkara Bitaraplygynyň we Bitaraplyk hukuk derejesiniň halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmekdäki orny we geljekde halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda tutýan orny nygtalýar. Hormatly Prezidentimiziň halkara gatnaşyklarynyň hem-de türkmen Bitaraplygynyň ähmiýetine bagyşlanan ajaýyp eseri Bitaraplygyň aýdyň ýolunyň anyk subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly ýyllaryna şöhrat getiren hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk taryhy döwri muny aýdyňlygy bilen görkezdi. Şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2021-nji ýylyň we 2025-nji ýylyň halkara derejede «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem ata Watanymyzyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesiniň älem içre belent ykrarnama eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby hemişelik Bitaraplygymyzyň röwşen ýoluny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen, iňlis we rus dillerinde giň halk köpçüligine ýetirilen täze kitapda ýurdumyzyň taryhy ösüşleriniň hem öz beýanyny tapýandygyna diýseň begenýäris. Bu eser türkmen  halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp sowgatdyr. Täze kitap türkmen Bitaraplygynyň taryhy ähmiýetine çuňňur düşünip, halkara gatnaşyklarynyň kämil nusgasyny dünýä ýaýmakda gymmatly gollanmadyr. Biz — jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabyny ýol-ýörelge edineris, onuň many-mazmunyny wagyz etmekde yhlasymyzy aýamarys. Şeýle ajaýyp eserini sowgat eden hormatly Prezidentimize, şeýle-de Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.