Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

HEMIŞELIK BITARAPLYK BAKY ABADANÇYLYGYŇ BINÝADY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne şan getiren Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly uly üstünliklere we rowaçlyklara beslenip, ata Watanymyzyň şöhraty taryhyna ýazylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda günsaýyn belent sepgitlere eýe bolýan berkarar döwletimizde hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy halkara derejede toýlanylýar. Şu ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz özüniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny belledi. Bu ajaýyp eseriň baýramçylyk günlerinde ildeşlerimize gowuşmagy halkymyzyň toý şatlygyny has-da artdyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, kitapda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şöhratly ýoly, bu döwürde gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler hem-de parahatçylyk we ynanyşmak diplomatiýasynyň rowaç gadamlary barada täsirli beýan edilýär. Kitap 9 bölümden ybarat bolup, ol türkmen, rus we iňlis dillerinde beýan edilýär. Bu bolsa gymmatly eseriň halkara jemgyýetçiligi üçin hem elýeterli bolmagyny şertlendirýär. Kitapda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy 30 ýylyň içinde özboluşly ösüş ýoluny geçip, sebit we ählumumy derejede durnuklylygy üpjün etmekde ähmiýetli gurala öwrüldi. Şeýle hem türkmen Bitaraplygy häzirki zaman syýasatynyň ähli ugrularyny öz içine almak bilen, halkara bileleşiginde parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de howpsuzlygy berkitmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Üç gezek ykrar edilen türkmen Bitaraplygy hakykatdan hem gymmatlydyr. Şanly senäniň toý şatlygyna beslenýän pursatlarynda hormatly Prezidentimize «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy gowşuryldy. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny berkitmekde, halklaryň dost-doganlygy, dünýäniň parahatçylygy ugrunda durmuşa geçirýän beýik işleriniň hem-de öňe sürýän taryhy başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Kalby buýsançly, köňli hyjuwly telekeçileriň kalbynda goşa şatlyk döreden taryhy pursatlar hususy pudagyň agzalarynyň yhlasly we netijeli zähmet çekmäge bolan höwesini has-da artdyrdy. Ady dünýä dolan berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly toýy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Garaşylyşy ýaly, halkara foruma dünýäniň birnäçe ýurdunyň Döwlet we Hökümet Baştutanlary gatnaşarlar. Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu işjeň, ynamly, öz taryhyna we gymmatlyklaryna esaslanýan, şol bir wagtyň özünde halkara jemgyýetçilige doly açyk we hyzmatdaş bolan parahatçylyk syýasatydyr» diýip belläp geçýär. Paýtagtymyzda ýokary ruhubelentlikde geçiriljek halkara forum hem muny aýdyňlygy bilen tassyklajak taryhy waka öwrüler. Hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk günlerinde bazarlarymyzda we beýleki söwda nokatlarynda halkyň sarp edýän önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, türkmen telekeçileri şanly wakany baýramçylyk sowgatlary bilen garşylaýarlar. Söwdasyndan göwni hoş bagtyýar ildeşlerimiz ýurdumyzda öndürilen azyk we beýleki önümler bilen toý saçaklaryny giňden bezeýärler. Ýeri gelende bellesek, şanly ýylda türkmen telekeçileri tarapyndan dürli görnüşli harytlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşanynyň görnükli edilip ýerleşdirilmegi watandaşlarymyzyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterýär. Baky abadançylygyň binýady bolan türkmen Bitaraplygy dost-doganlygyň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň nusgalyk kepilidir. Hormatly Prezidentimiz şanly ýylyň ajaýyp wakalary hakynda söhbet açýan ajaýyp eseri hem-de mynasyp bolan ýokary Döwlet sylagy türkmen telekeçileriniň kalbynda çäksiz hoşallyk duýgusyny döretdi. Bagtyýarlygyň kalplara nur paýlaýan ajaýyp pursatlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Baky parahatçylygy, ynanyşmagy we dost-doganlygy berkitmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.