Halkara syýasy we ykdysady giňişlikdäki ornuny berkidýän hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halk hojalygynyň pudaklary döwrebaplaşdyrylyp, köpugurly mümkinçilikleri durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler alnyp barylýar. Bu gün Türkmenistan özüniň strategik maksatlaryna ýetmegiň, ösüş gazanmagyň möhüm çelgilerini senagat jemgyýetini döretmek, ykdysadyýeti hem düzümleýin, hem geografik taýdan diwersifikasiýalaşdyrmak, döwrebap ulag-logistika infrastrukturasyny yzygiderli ösdürmek, energiýa serişdeleriniň eksportyny giňeltmek ýaly ugurlarda görýär.
Jemgyýetçilik ösüşiniň möhüm tapgyry bolan senagat jemgyýeti innowasion tehnologiýalaryň kömegi arkaly ýokary hilli harytlaryň bol möçberde öndürilmeginde we zähmet bölünişiginiň ösen derejesinde ýüze çykýar. Şäherleriň çäginiň giňemegi, infrastruktura düzümleriniň yzygiderli kämilleşmegi, ilatyň ýokary işjeňligi hem-de ykdysadyýetiň düzüminde senagatyň we telekeçiligiň paýynyň oba hojalygyna garanyňda agdyklyk etmegi, durmuş-ykdysady syýasatda döwletiň ornunyň ýokary bolmagy senagat jemgyýetiniň esasy aýratynlyklarydyr. Senagat jemgyýetini gurmakda üstünlik gazanan döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan ösüp, halkara giňişlikde öňdebaryjy orunlary eýeländigine dünýä tejribesi şaýatlyk edýär.
Tutuş şäherleriň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan senagat kärhanalarynyň gurulmagy, ozal bar bolanlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, milli haryt nyşanly önümleriňdir ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň möçberiniň artyp, hiliniň ýokarlanmagy, işewürligiň, ylym-bilimiň, saglygy goraýşyň ösmegi, döwletiň işjeň durmuş-ykdysady syýasaty häzirki döwürde ýurdumyzda ösen senagat jemgyýetiniň döredilýändigini tassyklaýar. Bu ugurda türkmen telekeçileriniň hem mynasyp paýy bar.
Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy halk hojalygynyň bir ýa birnäçä esasy pudaklara garaşly bolmadyk hem-de daşarky şertleriň täsirine düşmeýän durnukly ykdysadyýeti döretmegiň ýoludyr. Düzümleýin diwersifikasiýa önümçiligiň ozalky pudaklary bilen bagly bolmadyk täze şahalaryny we görnüşlerini döretmek arkaly ykdysadyýetiň gurluşyny özgertmegi aňladýar. Ýokary tehnologik pudaklaryň ösdürilip, çig maldan taýýar önümleriň önümçiligini ýola goýmak, täze görnüşli harytlary öndürmek ýa-da täze bazarlara çykmak ykdysadyýetiň düzümleýin diwersifikasiýasyna mahsus aýratynlyklardyr. Şunuň ýaly diwersifikasiýa ykdysadyýetiň pudaklarynyň netijeliligini, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, durnuklylygy berkitmäge we täze iş orunlaryny döretmäge ýardam edýär.
Geografik diwersifikasiýa töwekgelçilikleri peseltmek üçin ykdysady işjeňligiň we maýa goýumlaryň dürli sebitler ýa-da ýurtlar boýunça paýlanmagyny göz öňünde tutýar. Ýagny ýurtda öndürilýän çig mallaryň we harytlaryň diňe bir ýa iki sebitiň bazarlarynda ýerlenilmegini däl-de, mümkingadar giň çäklere ýaýramagy göz öňünde tutulýar. Bu ýagdaý ykdysadyýete maýa goýumlary çekmek babatda-da üýtgewsizdir. Türkmenistanda çig maly gaýtadan işläp, ýokary goşulan gymmatly harytlary öndürýän kuwwatly senagat desgalarynyň gurulmagy, çig mallaryň we taýýar önümleriň eksport ugurlarynyň giňeldilmegi, tebigy serişdeleri özleşdirmek üçin maýa goýum çeşmeleriniň geriminiň giňemegi ykdysadyýeti hem düzümleýin, hem geografik taýdan diwersifikasiýalaşdyrmakda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny görkezýär. Bu ugurda döwletimiziň döredip berýän şert-mümkinçiliklerinden, berýän goldawlaryndan ruhlanýan hususyýetçiler tarapyndan alnyp barylýan işleriň hem oňyn netijelere ýol açýandygyny bellemeli.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we bazar gatnaşyklaryny ösdürmek ýoluna düşmegi hususy pudagyň ornunyň pugtalandyrylmagyna getirdi. Türkmenistanda telekeçilik işi oba hojalygyndan, sarp ediş harytlarynyň önümçiliginden başlap, hyzmatlar, gurluşyk, ýokary tehnologiýalar pudaklaryna çenli ähli ugurlary öz içine alyp, barha işjeňleşýär. Ýeňillikli karzlar, salgytlaryň azaldylmagy, ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi kiçi we orta işewürligiň ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Mundan başga-da, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, maýa goýum işjeňligini ösdürmek, döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, bazar gatnaşyklary şertlerinde ylma daýanýan ykdysady syýasaty amala aşyrmak ýaly başlangyçlar öňe sürülýär.
Täze taryhy döwürde hemişelik Bitarap Türkmenistan gurmagyň hem döretmegiň ýolunda ynamly öňe barýar. Döwletimiz tebigy baýlyklaryny we geografik mümkinçiliklerini aň-paýhas maýasyna hem-de maglumat tehnologiýalaryna daýanýan, şeýle hem ykdysady çökgünlikleriň, daşky gurşawa ýaramaz täsir edýän şertleriň öňüni almagy maksat edinýän «täze ykdysadyýet» nusgasy bilen üstünlikli utgaşdyryp, durmuş-ykdysady özgerişi başdan geçirýär. Bu işleriň ählisine Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda uly üstünlikleri nazarlaýan hususy pudagyň uly orny bar.
Ýurdumyzda telekeçilik işiniň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine yzygiderli goldaw berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!
Guwanç BALLYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň umumy bölüminiň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.