Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

ÖSÜŞLI MENZILLERE ROWANA

Ajaýyp döwrümiziň her bir güni taryhy, syýasy wakalara, şanly senelere beslenýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda biziň ählimiz buýsançly wakalaryň gözli şaýady bolýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynda giň gerimli işler ýola goýlup, ykdysady kuwwatymyzy artdyrmakda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda taýsyz tagallalar edilýär. Şeýle beýik başlangyçlar türkmen halkynyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy üçin edilýän uly aladalardan habar berýär. 

Türkmenistanyň demokratik, hukuk, we dünýewi döwlet hökmünde ynsanperwerlik taglymatyny berkarar etmekde, dünýä döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň gerimini giňeltmekde bimöçber işleri ýola goýýandygyny aýratyn bellemek gerek. Döwletleriň arasynda geçirilýän ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn gepleşikleriň aýdyň netijesi bolsa muňa dolulygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, halkara giňişligindäki abraýynyň has-da artmagyna uly itergi berýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleriň uly üstünliklere eýe bolýandygyny, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmakda ýola goýulýan gatnaşyklaryň oňyn netije berýändigini Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda durmuşa geçirilýän beýik başlangyçlardan hem görmek bolýar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ata Watanymyzyň halkara gatnaşyklaryndaky alyp barýan beýik başlangyçlary ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin gönükdirilen uly işlerdir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda alnyp barylýan işleriň her biri hem döwletimiziň ösüşlerine, halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamagyna oňyn täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýola goýulýan beýik başlangyçlar ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ata Watanymyzyň, halkymyzyň bähbidine gönükdirilýän ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn gepleşikleriň dünýä döwletleri, şol sanda iri halkara guramalary bilen ysnyşykly gatnaşyklary  ýola goýýandygymyzdan habar berýär. Has takygy, ýurdumyza saparlara gelýän daşary ýurt wekilleri bilen geçirilýän duşuşyklar Bitarap ýurdumyzyň aýdyň ýollarynyň kepili bolup durýar. 

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!» diýen ajaýyp şygarlaryny baýdak edinýän türkmen halky bu günki gün hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, ak ýollardan geljege tarap ynamly öňe barýar. Esasan-da, ýaş nesilleriň ata Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalaryň edilýändigini döredilýän giň mümkinçiliklerden aýdyň göz ýetirmek bolýar. Has takygy, üstümizdäki – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 1-nji sentýabrynda – Bilimler we talyp ýaşlar gününiň uludan baýram edilýän gününde welaýatymyzda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde 2000 orunlyk täze okuw binasynyň, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň, ýapyk görnüşli sport desgasynyň, aýlawly ýoluň ugrundaky «Täze kuwwat» binasynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi biziň her birimizi begendirdi, buýsandyrdy. 

Ençeme amatly şertleri bolan bu binalaryň ulanylmaga berilmegi talyp ýaşlara uly sowgat boldy. Daşary ýurt döwletlerinden getirilen ýokary hilli enjamlar bilen ornaşdyrylan binalarda döwrebap bilim almak talyplaryň döwür bilen aýakdaş gidip, kämilleşmegine uly itergi berýär. Munuň özi bilimli ýaşlaryň ata Watanymyzyň berk sütüni bolmagynda we ýurdumyzyň aýdyň geljegini gurmagynda uly ähmiýete eýe bolar. 

Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny belende galdyrmakda, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlyklary dowam etdirmekde, ýaşlaryň ilhalar ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik başlangyçlary, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Maral DURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.