Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

ÖSÜŞLERE BESLENEN TÄZE DÖWRÜŇ BUÝSANÇLY ZENANLARY

Hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda asuda-parahat diýarymyza täze 2024-nji “Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň gelmegi bilen, ýurdumyzda halkyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmaklyga gönükdirilen uly-uly özgertmeler, dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy” döwründe diýarymyzda alnyp barylýan tutumly işleriň çäklerinde jemgyýetiň esasy sütüni bolan zenanlarymyzyň möhüm durmuş we terbiýeçilik ähmiýetine hem yzygiderli üns berilýär. Gelin-gyzlarymyz ýurdumyzda jemgyýetçilik durmuşynyň uly işjeň güýjüne öwrülip, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işleriniň giň syýasy mazmunyny açyp görkezmäge, döwrebap başlangyçlary ýola goýmaga öz goşantlaryny goşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda zenanlara goýulýan sarpa, zenanlar baradaky edilýän işler ata-baba ýol-ýörelgelerimizden, milli däp-dessurlarymyzdan, ruhy gymmatlyklarymyzdan gözbaş alýar. Muňa ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen “Ene mähri” diýen hormatly adyň döredilmegi, baýramçylyk pul sowgatlarynyň gowşurylmagy ýurdumyzda zenanlara bolan uly hormat-sarpanyň nusgalyk görkezijisi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, halk dessanlarymyz, altyna gaplaýmaly nakyllardyr atalar sözleri, hüwdülerdir monjugatdylar, ajaýyp toý aýdymlary, milli şaý-sepler, Watana, il-güne, mukaddes ojagyna wepaly, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyzyň abraý-mertebesiniň hemişe belent tutulýandygyna şaýatlyk edýär. Elbetde bu aýdylanlara adyl syýasatly asuda diýarymyzda maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy bolan biz zenanlaryň häzirki zaman jemgyýetinde maşgala ojagyny berkitmekde, nesillerimiziň ruhy-medeni gözelligini, milliligimizi, keşdeçilik sungatyny aýawly saklamakda tutýan ornyna uly ähmiýet berilmegi hem ählimize nusgalyk mekdebi bolup durýar. Halkymyzyň baý medeni mirasy hasaplanýan keşdeçilik sungatynyň, nakgaşlygyň bu gün dünýä derejesinde belent ykrarnama eýe bolmagy gelin-gyzlarymyzyň el hünäriniň nepisliginiň aýdyň mysalydyr. Irki döwürlerden bäri dünýä halklary tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän türkmen zenanynyň el hünärinden dörän halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň önümleriniň gymmaty hiç haçan egsilmezdir. Türkmen halkynyň medeniýetinde nesilleriň terbiýe mekdebi bolan zenan keşbiniň halkymyza mahsus häsiýetli aýratynlyklarynyň mynasyp ornunyň bardygyny bellemek gerek. Zenanlaryň ussatlygyndan kemala gelýän nepis sungatymyz bolan türkmen halysyny, gelin-gyzlarymyzyň boýuny bezeýän, göreni gözelligi bilen haýran edýän şaý-sepleri synlanymyzda hem olaryň asylly zähmetiniň, ajaýyp, görkana keşbiniň özboluşly dünýäsi açylýar. Şeýle ajaýyp sungatyň ýaşajyk gyzjagazlaryň eýýäm kiçilikden millilik, gözellik duýgularynyň ösmegine uly goltgy berýär. “Zenan mähek daşydyr” diýen pähime eýerýän halkymyz adamzat taryhynyň irki döwürlerinden bäri gelin-gyzlara aýratyn söýgi we hormat bilen garapdyr. Halkymyzyň mähriban enelerimize, eziz uýalarymyza hormat goýmak, ony sarpalamak edebi milli mirasymyza özboluşly öwüşgin çaýýan durmuş tejribede toplan häsiýetli aýratynlyklary bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda zenanlaryň hukuklarynyň goragy, deňhukuklylygy her-bir maşgalanyň abadançylygy we jemgyýetiň ösmegi üçin, ynsan nesliniň dowamaty, sagdyn we ruhubelent nesiller üçin kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi nukdaý-nazaryndan möhüm şertleriň biri bolup durýar. Döwlet berkararlygymyzyň binýadyny berkidýän milli kanunçylygymyzyň ösüşinde hem aýal-gyzlaryň erkekler bilen deň derejede hukuklarynyň, azatlyklarynyň we olary durmuşa geçirmekde deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň ileri tutulmagy ata-babalarymyzyň durmuşda eýeren zenan sarpasyny hormatlamagyň deňhukuklylyk ýörelgesi bilen sazlaşykda ýüze çykýar. Hormatly Gahryman Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda zenan mertebesiniň hukuk goragynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, olaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlary boýunça ýurdumyza hyzmat etmekleri üçin şertleriň döredilmegi, ata-babalarymyzyň asylly däbi bolan eneleriň hatyrasynyň hormatlanylmagy, durmuş ýeňillikleriniň üpjün edilmegi halkymyza mahsus bolan milli gymmatlyklardyr. Munuň özi, maşgala we ýurt abadançylygy, sagdyn jemgyýet, ynsan nesliniň dowamaty üçin kämil şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmegiň esasy şerti bolup durýar. Biz zenanlara şeýle ajaýyp döwürde ýaşamak, zähmet çekmek üçin döredip beren mümkinçiliklerine jogap edip, Hormatly Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris! Milli Lidermiziň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mähriban halkymyzyň asuda ýaşamagy üçin alyp barýan işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýärin!

Zerhal NARMÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy.