Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDENTERBIÝE WE SPORT JEMGYÝETIŇ SAGDYNLYGYNY ÜPJÜN EDÝÄN GYMMATLYKDYR

    Şu...

  • ZENANLAR ÝAŞAÝYŞYŇ GÖZELLIGI

    Ýakynda...

  • WATANYMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA BELENDE GALÝAR

    Ýakynda...

  • IŞEWÜRLERIŇ ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GOŞANDY

    Şu gün...

  • BEÝIK IŞLER HALKARA DEREJEDE ULY ÄHMIÝETE EÝE BOLÝAR

    Şu gün...

“Arkadag şäheri geljegiň şäheri” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2023-nji ýylyň 5-nji iýulynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki “Türkmennebitdöwletkonserniň” Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Arkadag şäheri geljegiň şäheri” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çykyş edenler halkymyzy şanly waka – Arkadag şäheriniň açylmagy we sebitde deňi-taýy bolmadyk bu şäheriň ähmiýetini açyp görkezýän “Arkadag şäheri – geljegiň şäheri” atly kitabyň neşir edilmegi bilen gutladylar. Çärä gatnaşyjylar “geljegiň şäheri” bolan Arkadag şäheriniň açylmagyna bagyşlanan täze neşirde döwrebap şäheriň birinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler baradaky maglumatlaryň täze binalaryň we gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň berýän fotosuratlar bilen utgaşdyrylmagyň aýratyn özüne çekiji bolandygyny bellediler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadag Serdarymyzyň dünýäni haýrana goýýan ajaýyp işleriniň has-da rowaçlanmagyny, beýik-beýik işleriniň dowamat-dowam bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP