Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI: TUTUMLY IŞLER ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄR

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – HALK BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN BEÝIK IŞLER

    Türkmenistanyň...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR PREZIDENTIMIZIŇ MILLI DEMOKRATIÝASY

    Arkadag...

  • WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNY, HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNY NAZARLAÝAN TUTUMLAR

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Şu gün...

Sagdyn durmuş – ruhy kämillik

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli “Sagdyn durmuş – ruhy kämillik” atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň tutuş jemgyýetimizi gurşap almagy hem-de dünýäniň çar künjeginde rowaçlanmagy üçin ägirt uly işleri durmuşa geçiren Gahryman Arkadagymyzyň bu ýörelgesini üstünlikli dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu günki gün bütin jahanda uly meşhurlyga eýe bolan hem-de sabyrsyzlyk bilen garaşylýan halkara baýram barada şeýle diýýär: “Bütindünýä welosiped güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şoňa görä-de, dünýä bileleşigi bilen bilelikde eziz Diýarymyzda tomus paslynyň ilkinji günlerinde bu halkara baýram ýokary ruhubelentlikde giňden bellenilýär. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň geçirilmegi sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Türkmenistanyň abraýyny has-da artdyrýar”. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň we dürli ekologiýa çäreleriniň geçirilmeginiň, diňe bir bu halkara senede däl-de, şanly toý-baýramlarymyzyň köpüsinde ýurdumyzda asylly däbe öwrülendigi bolsa diýseň guwandyryjy ýagdaýdyr. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini we köpçülikleýin sport çärelerini ýaýbaňlandyrmakda ähli şertleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak il bähbitli ýurt ähmiýetli alyp barýan işleri rowaçlyga beslensin.

TSTP