Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • «GAHRYMAN ARKADAGLY, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARLY ÝURTDA - HALK BÄHBITLI BEÝIK IŞLER ROWAÇLANÝAR» atly maslahaty geçirildi.

    Maslahatda...

  • WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

    Şu gün...

  • “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY ― PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY” atly kitabynyň tanyşdyrylyş, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     ...

  • “TÜRKMENISTAN-TARYHY ÖSÜŞLERIŇ BEÝIK BINÝADY” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

    Berkarar...

  • «KÖŇÜLLERDE TÄZE ÝYLYŇ JOŞGUNY»

    Ösüşiň täze...

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy - döwletimiziň mizemez binýady

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabynyň tikin fabriginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy - döwletimiziň mizemez binýady” atly maslahat geçirildi. Halkymyzyň ynsanperwerlik, adalatlylyk, agzybirlik ýörelgelerini özüne siňdiren Esasy Kanunymyz we Döwlet baýdagymyzyň gününiň bilelikde toýlanmagynyň çuň manysy bar. Biziň Baýdagymyzyň esasyny düzýän ýaşyl reňk ýaşaýyşyň gönezligidir. Ýaşyl Tugumyzyň reňki, bir tarapdan ýaşaýşyň, abadançylygynyň we ösüşiň nyşany bolsa, ikinji tarapdan aslymyzdan neslimize dowamaty görkezýär. Ol halkymyzyň taryhyny, ynamyny we söýgüsini aňladýan mukaddes nyşandyr. Mähriban Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň, halkymyzyň agzybirliginiň, dost-doganlygynyň, parasatlygynyň nyşany bolan mukaddes Baýdagymyz bu gün dünýä ýüzünde belentde pasyrdaýar. Türkmen halkyny ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryna, uly tutumlaryna hemişe rowaçlyklaryň hemra bolmagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

TSTP