Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Pyragynyň paýhasy ýaşlaryň köňül arzuwy

2022-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda jemgyýetimizi kämilleşdirmek, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny açmak, dünýä garaýyşlaryny giňeltmek maksady bilen, “Pyragynyň paýhasy – ýaşlaryň köňül çyragy” atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi.

Düşündiriş-wagyz çäresinde çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary dünýä derejesinde bilim alyp hünär öwrenmeklik üçin giň mümkinçilikleri döredilýär. Ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek meselesine uly ähmiýet berilýär. Türkmen halky ähli döwürlerde hem sagdyn, berk bedenli, ruhubelent, watansöýüji, kämil nesilleri kemala getirmeklige aýratyn ähmiýet beripdirler. Biz muny Magtymguly Pyragynyň nesil terbiýesi bilen baglanşykly şahyrana şygyrlarynyň mysalynda hem aýdyň görýäris. Magtymgulynyň döredijiliginde ýaş nesli terbiýelemekde, edep öwretmekde ähmiýeti uly bolan garaýyşlar täsirli beýan edilýär. Şahyr il-güni sylamagy, hemmelere mylakatly bolmagy, ýagşylardan görelde almagy ündeýär. „Akyl olsaň ýagşylara hemden bol, Akmak özüni nadan bilen ýar eýlär“ diýmek bilen, ýagşylyk etmegi ündeýär. Şahyr halkyň agzybirligini wasp edip, iliniň sowulmaz ýaza ulaşmagyny, ýurt binasynyň gaýym gurulmagyny, mertligi, edermenligi, Watan mukaddesligini giňden wasp edýär. Söz ynsany janly-jandardan tapawutlandyrýan närse bolup, oňa juda seresaply çemeleşmeli. “Tyg ýarasy biter, söz ýarasy bitmez“ diýen nakyl hem biziň sözleýiş medeniýetinde gaty sypaly, ägä bolmalydygymyzy ýatladýar. Sözden birek-birege ýylylyk, ýakynlyk, mähribanlyk duýgusy aralaşmalydyr. Magtymguly Pyragynyň „Sözläbilseň ýagşy sözle; Halk ýamanyň bizarydyr“ diýen setirlerinde halkymyzyň ýagşy sözli bolmak medeniýeti ör-boýuna galýar.

Ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe, milli ýörelgeler bu günki gün nusgalyk mekdebe öwrüldi. Aýratyn hem özüniň akyl-paýhasa ýugrulan eserleri bilen dünýä edebiýatyna mynasyp goşant goşan beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň umumadamzat nesliniň öňünde bitiren hyzmaty örän uludyr. Magtymgulynyň keşbi mertligi, batyrlygy, mukaddes Watany, ene topragy wasp eden hyjuwly şahyr, ynsanperwerligi wagyz-nesihat ediji ynsan hökmünde halkyň hakydasyna siňipdir. Halkymyz 2024-nji ýylda belleniljek beýik akyldarymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýuna şu günki günlerde taýýarlyk görýärler diýip belläp geçdiler.

Çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň dünýäni haýrana goýýan ajaýyp işleriniň has-da rowaçlanmagyny, beýik işleriň dowamat-dowam bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP