Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Kuwwatly beden – goragly beden

2022-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabyndaky “Nurly meýdan” daýhan hojalygynda “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” wagyz etmek maksady bilen, “Kuwwatly beden – goragly beden” atly wagyz-nesihat, düşündiriş çäresi geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler häzirki döwürde beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertlerdir, mümkinçilikler döredilýär. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygymyzyň beýik gazananlaryny goramak, jemgyýetiň sagdynlygyna zelel ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda durmaklary barada, şeýle-de tertip-düzgünini berjaý etmegiň möhümdigi barada giňişleýin durup geçidiler. Oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP