Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Halk Maslahaty–agzybirligiň dabaralanmasy

2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda  2022 –nji ýylyň 11-nji fewralynda geçiriljek Halk  Maslahatynyň syýasy – jemgyýetçilik  ähmiýetini giň halk köpçüligine  düşündirmek, wagyz etmek maksady bilen, “Halk Maslahaty–agzybirligiň dabaralanmasy“ atly maslahat geçirildi.   

Maslahatda çykyş edenler ajaýyp zamanamyzda bütin dünýä ýaň salýan döwletli tutumlar, üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjiliginiň, ýurdy dolandyrmakdaky taýsyz ukyp-başarnygynyň, öz agzybir halkyna, eziz ýurduna bolan nusgalyk söýgi-sarpasynyň, döredijilikli zähmetiniň miwesidir. Zähmetsöýer halkymyz Hormatly Prezidentimiziň turuwbaşdan yglan eden “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatyna esaslanýan her bir oýlanyşykly başlangyjyny, ägirt uly tutumlaryny, uzak geljege gönükdirilen özgertmelerini tüýs ýürekden goldaýar, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Agzybir halkymyzyň bu babatdaky işjeňligini has-da ösdürmek, döredijilikli güýjüni bir ýere jemlemek bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hemişe aýratyn üns berýän ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzyň köptaraply ösüşini gazanmaga, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, demokratik ýurt hökmünde dünýäde eýeleýän ornuny öňküdenem pugtalandyrmaga netijeli itergiler berýär. Şeýle asylly ýörelgeleriň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti örän uly bolar. Sebäp diýeniňde, Halk Maslahaty berkarar Diýarymyzda hormatly Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwletli tutumlary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere halkymyzyň ähli gatlaklaryny wekillerini işjeň çekmäge uly ýardam eder. Şol bir wagtda, munuň özi milli demokratiýanyň kämilligiň täze belentliklerine göterilýänliginiň hem tassyknamasydyr. Maslahata gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP