Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

Halk maslahaty - halkyň bähbidine

2022-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň möhüm ähmiýetli wakasy bolan Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine bagyşlanyp “Halk maslahaty - halkyň bähbidine”  atly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň goldamagynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip yglan edilen 2022-nji  ýylymyz taryhy wakalar bilen şöhratlanýar. Milli Liderimiziň ata Watanymyzyň  ösüşiniň geljek  döwrüniň adynyň “Berkarar  döwletiň täze eýýamynyň  Galkynyşydygyny” nygtamagynda çuňňur many-mazmun bar. 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” aýdyň   geljegimize kuwwatly itergi berjekdigi şübhesizdir. Bu taryhy çözgüt  Garaşsyz, hemişelik Bitarap  Türkmenistan  döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan çalt  depginlerde we durnukly ösdürmekde  möhüm ähmiýete  eýe boljakdygyny buýsanç bilen bellediler. Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP