2021-nji ýylyň awgust aýynyň 12-ne Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda bilim hem-de hususy ulgamda zähmet çekýän ýaşlar bilen ýaş şahyrlaryň, döredijilik bilen meşgullanýan halypa şahyrlaryň arasynda “Meşhur şahsyýetlerimize sarpa goýulýar” atly döredijilikli duşuşygy geçirildi. Gündogary öwrenijileriň ykrar edişi ýaly, Orta Aziýa halklarynyň içinde Magtymguly Pyragy ýeke-täk türkmeniň milli şahyrydyr. Watançy şahyr Magtymgulynyň gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik birleşmek hakynda şygyrlary onuň döredijiligine iň görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Magtymguly hakyky watançy hökmünde türkmen ýurduna, onuň gözel tebigatyna baýlygyna, batyr ýigitlerine guwanypdyr.Şahyr “Gidiji bolma” şygrynda
Gel köňlüm, men saňa nesihat kylaý:
Watany terk edip gidiji bolma
diýip, öz döwürdeşlerine ýüzlenýär. Magtymguly Türkmenistanyň, aýratyn hem öz önüp-ösen ýeri bolan Etrek, Gürgen töwerekleriniň giň, gözel we hasylly sähralaryny, daglaryny, tebigy baýlyklaryny, gelin-gyzlaryny, goç ýigitlerini taryplaýandygy barada giňişleýin gürrüňler edildi.
Duşuşygyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylar, medeni mirasymyza uly sarpa goýan we ony goldaýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Goý, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany“ ýylynyň altyn güýzünde giňden belleniljek mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramyna buýsançly barýan eziz halkymyzy ýeňişlerden-ýeňişlere, täze rowaçlyklara alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolmagyny, beýik maksatlary baky rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
TSTP