Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Sebit ekologiýasy we ýaşyl başlangyçlar» atly eko-taslamalar bäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Dabaraly çärede, Türkmenabat şäheriniň 11-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylary Safranowa Anastasiýa, Hemraýewa Aýgözel, Ýusupowa Bahar, Dänew etrabynyň 32-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Orunbaýewa Leýli we Garabekewül etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Döwletgeldiýewa Nurana dagylar «Ýangyç we elektrik energiýasyny ulanmazdan suwy beýiklige çykarmagyň tehnologiýasy» we «Türkmenistanyň çöl şertlerinde gün panelli suw nasoslarynyň oba hojalygynda ulanylyşynyň ylmy-ykdysady seljermesi» atly taslamalarda ýeňiji bolup, olara Türkmenistanyň Bilim Ministrligi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan taýýarlanan sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Çahyrynda dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza okamak we döretmek, halal zähmet çekmek üçin berlen mümkinçiliklerine öz hoşallygyny we alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP