Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 35 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANDY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Garaşsyzlyk döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň synmaz binýady» atly maslahat geçirildi.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, tagallalary bilen ösüşlerden ösüşlere barýan Diýarymyzyň gujagynda bagtyýar zamanada şanly seneleriň şatlygy kalbymyzy gurşap alýar. Her bir gün guwandyryjy wakalara beslenýän ýurdumyzda gazanylýan ösüşler ajaýyp baýramçylyk duýgulary bilen birleşýär. Halkymyza täze durmuşy peşgeş beren mukaddes Garaşsyzlygymyz hem halkymyzyň her ýyl uly dabara bilen belleýän baýramlarynyň biri bolup, özbaşdak erkana döwletimiziň ähli ýeten sepgitleriniň ilkinji we dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ýetiren ösüş basgançagy boldy.

Garaşsyzlyk döwletliligimiziň berkararlygyny, bütin türkmen halkymyzyň agzybirligini we jebisligini şertlendirýän iň mukaddes, synmaz binýatdyr. 

Arassa asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde halkymyzyň bolelin hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun! Tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

TSTP