Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

YLYM, BILIM – ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN ÝOLY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti, Mary welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Ylymlar güni mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Şeýle-de bu duşuşyk Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Sebit ekologiýasy we ýaşyl başlangyçlar» atly eko-taslamalar bäsleşiginiň Mary welaýaty boýunça ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bilen utgaşyp gitdi.

Ylym­dyr bi­li­miň döw­re­bap ös­dü­ril­me­gi Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň uzak ge­l­je­gi­niň şöh­rat­ly döw­rü­ne ak ýol aç­ýar. Ýur­du­myz­da ylym­dyr bi­li­miň yg­ty­bar­ly hu­kuk bin­ýa­dy dö­re­dil­di. Beý­le­ki ugur­lar­da bol­şy ýa­ly, ylym-bi­lim ul­ga­myn­da hem esa­sy mak­sat­lar we we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di. Bi­lim, ylym we yl­myň ga­za­nan ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bo­ýun­ça  dün­ýä­niň iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry, yl­my mer­kez­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­ga giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­lip, bu ýurt äh­mi­ýet­li iş­le­re kuw­wat­ly iter­gi be­ril­di. Yl­my-bar­lag eda­ra­la­ry, ýo­ka­ry, ýö­ri­te or­ta hü­när, or­ta mek­dep­le­ri­miz, önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­myz iň hä­zir­ki za­man ösen teh­no­lo­gi­ýa­lar, okuw es­bap­la­ry bi­len yzy­gi­der­li üp­jün edil­ýär. El­bet­de, bu ugur­da amal edil­ýän be­ýik iş­le­riň äh­li­si­niň bi­te­wi­lik­de tu­tuş jem­gy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mä­ge, şo­nuň bi­len bir­lik­de yl­my hil taý­dan tä­ze de­re­je­le­re ýe­tir­mä­ge, yl­my bar­lag­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ril­me­gi köp­çü­li­giň,     aý­ra­tyn-da, ýaş­la­ry­my­zyň in­tel­lek­tual de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na, dün­ýä­ga­ra­ýyş­la­ry­nyň gi­ňel­me­gi­ne has oňaý­ly tä­sir ed­ýär. 

Ýur­du­my­zyň ge­l­je­gi bo­lan döw­re­bap ylym­ly-bi­lim­li ýaş nes­li ke­ma­la gelmegi ugrunda be­ýik iş­le­ri dur­mu­şa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormat­ly Pre­zi­den­ti­miziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

TSTP