Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň gurnamagynda, Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – milli demokratiýanyň we döwlet ösüşiniň möhüm daýanjy» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köpasyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, halkyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerip, mähriban Watanymyzda şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýetliligi baradaky milli däpleri döwrebap derejede mynasyp dowam etdirilýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler halk bähbitli we döwlet ähmiýetli wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirilendir. Bu ugurda ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli wehimi bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty milli binýadyny berkitmekde esasy gural bolup çykyş edýär diýip belläp geçdiler. Şeýle-de Halkymyzyň parahat, abadan, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary ugrunda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! diýip özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
TSTP