Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy çözgütleri we kararlary dogrusynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler ata-babalarymyzyň «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen ýörelgesine eýerýän Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzdaky özgertmeleriň, tutumlaryň halkymyz bilen maslahatlaşylmagy, geňeşilmegi asylly däbe öwrüldi. Her ýyl geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýol-ýörelgelerimiziň häzirki döwründe mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr, şeýle hem zähmet üstünliklerine beslenýän 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna barýan günlerinde Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy watandaşlarymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak baýramçylyk sowgatlary boldy diýip uly buýsanç bilen bellediler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagboslunlaryny beýan etdiler.
TSTP